Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Göýä janyna kast etdiren bolmadyk ýaly


Anna Politkowskini ýatlama çäresine gatnaşýanlar onuň suratyny Solowetsk daşyna ýelmeýärler.
Anna Politkowskini ýatlama çäresine gatnaşýanlar onuň suratyny Solowetsk daşyna ýelmeýärler.

On ýyl mundan owal 2006-njy 7-nji oktýabrynda Moskwada "Nowaýa gazeta" gazetiniň işgäri, žurnalist we adam hukuklaryny goraýan Anna Politkowskaýanyň janyna kast edilipdir. Ol, ýaşaýan jaýynyň bosagasynda birnäçe gülle bilen öldürilipdir.

Jenaýata şäriklik edendigini boýnuna alan ýeke-täk adam owalky organ işgäri Dmitriý Pawlýuçenkow bolupdyr. Kazyýet onuň işine adatdan daşary ýagdaýda garapdyr we 2012-nji ýylda guramaçylykly jenaýatdan aýyplanan Pawlýuçenkowy 11 ýyl azatlykdan mahrum edipdir.

2014-nji ýylda ýene bäş adam: Rustam doganlary, Jebraýyl we Ibragim Mahmudowy, olaryň daýysy Lom-Ali Gaýtukaýew bilen polisiýanyň owalky işgäri Sergeý Hajikurbanow jenaýata gatnaşmakda günäli hasaplanypdyr. Russiýanyň ýokary kazyýeti bir ýyl geçenden soň ol kararyň öz güýjüni goraýandygyny bildiripdir. Ýöne, Anna Politkowskaýanyň janyna kast etdiren henize çenli tapylmandyr.

​"Nowaýa gazeta"-nyň işgärleriniň wideopiketi

2006-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Anna Politkowskaýa iň soňky gezek Azatlyk Radiosynda efire çykypdyr. Şonda Ýelena Rykowtsewanyň "Metbugat sagady" atly gepleşigine gatnaşýanlar ýaňy 30 ýaşyny dolduran we Çeçenistan respublikasynyň baştutanlygyna dalaşgär bolmaga resmi ýagdaýda ýoly açylan Ramzan Kadyrowuň geljekde oýnap biljek roly barasynda gürrüň edipdirler. Russiýanyň köpsanly žurnaldyr-gazýetleri ol gün Ramzan Kadyrow bilen baglanşykly maglumatlar çap edipdirler. Ýuliýa Latynina tötänlikde onuň doglan gününde "Kommersant" gazetinde ýazan makalasynda "Kadyrowuň hiç hili bäsdeşiniň ýokdugyny" aýdyp, çykyş edipdir.

Şeýle tankytdyr-belliklerden soň Azatlyk Radiosynda hem Anna Politkowskaýa Ramzan Kadyrowy diýseň güýçli tankytly çykyş edipdir. Anna Politkowskaýa şonda ony "dişine çenli ýaraglanan gorkak" diýip suratlandyrypdyr we hut öz doglan gününde Kadyrowy kazyýetde jenaýata çekilýänleriň arasynda görmek isleýändigini aýdypdyr:

"Kadyrow - bu biziň döwrümiziň Stalini. Bu gürrüňsiz şeýle. Çeçen halky üçin ynha hit şeýle. Beni bagyşlaň, biz şuny aýratyn belläp geçmegimiz gerek ýagny medeniýet ussatlary, Latynina we beýleki köpsanly kärdeşlerimiz biz hakykaty oýlanar ýaly elinden gelenini gaýgyrmadylar. Häzirki döwürde zalymlyk, haýsam bolsa gipotetiki geljekde ýagşylyga öwrülip biljekdigi üçin belki ýeňiş gazanyp biler diýen pikir bilen men ylalaşmaýaryn we düýbinden nädogry...

...Men Ramzan Kadyrowuň ykbalyny beýleki ganhorlar bilen baglaşdyrýaryn. Başga hiç kim bilen deňeşdirip bilemok. Men, elbet-de hiç haçan haýsam bolsa bir adamyň ölümini dileg etmedim. Ýöne, gürrüňini edýän adamymyzyň özüni goramak üçin aladalanyp, janpenalaryny we howpsuzlugyny hasam pugtalandyrmalydygyny pikir edýärin. Meniň pikrime görä ol hut şeýle hem edýän bolmaly... Ol dişine çenli ýaraglanan, janpenalarynyň ortarasynda oturan bir gorkak. Meniň pikrime görä, ol prezident bolmaz. Meniň içerki dünýämde bu babatda gaty çuňňur duýgylar bar. Belki ol intuitiwdir ýagny rasiýonal bolman biler... Kadyrowuň doglan gününde meniň şahsy arzuwym hut şundan ybarat. Men bu temada gaty çynymy aýdýaryn. Men onuň jenaýata çekilýänleriň arasynda oturmagyny arzuw edýärin. Iň agyr kanuny ýörelgelere eýerilmegini we ähli etmişlerine jogap bermegini isleýärin. Biziň gazetimiziň üç sanynda munyň bilen baglanşykly materiýallar çap edildi. Başga metbugat organlary beýle materiýallar çap etmeýär. Kadyrowçylara garşy we galyberse-de hut Kadyrowuň özüne garşy kazyýet işi gozgaldy. Men meselem şol kazyýet işinde şaýatlaryň biri höküminde çykyş edýärin. Bu iş zamun alynmagy barasynda. Bu jenaýat işiniň bir bölegi hut Kadyrow Ramzan Ahmatowiçiň iki adamyň zamun alynmagyna gatnaşandygy bilen arabaglanşykly. Şonuň üçinem men şeýle bolmagyny isleýärin" - diýip, Anna Politkowskaýa Azatyk Radiosynyň efirinde gürläpdir.

Ondan iki gün soň Politkowskaýanyň janyna kast edilipdir. Moskwanyň ortarasyndaky ýaşaýan jaýynyň girelgesinde oňa hüjüm gurnalypdyr. Ondan soň jenaýata gatnaşmakda aýyplanyp 6 adam tussag edilipdir. Ýöne, olaryň arasynda jana kast edilmegini tabşyran bolmandyr we hat-da onuň adam agzalmandyr.

Ramzan Kadyrow, Anna Politkowskaýanyň janyna kast edilmeginden birnäçe aý geçensoň Çeçenistan respublikasynyň prezidentligine saýlanypdyr we eýýäm 10 ýyla golaý wagtdan bäri hem ol wezipäni ýerine ýetirip gelýär. 2016-njy ýylda özüniň 40 ýaş toýunda ol özüniň prezidentliginiň üçünji döwrüne başlaýar. Ol, baş kanuna el goýup, kasam içip "raýatlaryň adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýup, gorajakdygyny" aýdypdyr.

Ýokardaky "Instagram" hasabynda paýlaşylan ýazgy:

"Essalowmaleýkim! Beýik Allanyň rugsady bilen bu gün Çeçenistan respublikasynyň mejlisindäki dabarada wezipä başlamak üçin prezidentlik kasamyny kabul edýärin. Kasamy iki döwlet dilinde ýagny ors we çeçen dillerinde aýdýaryn. Kasam dabarasy başlan mahaly zala Russiýa federasiýasy bilen Çeçenistan respublikasynyp döwlet baýdaklary we konstitusiýalary getirilidi. Russiýanyň we Çeçenistanyň berkararlyk mukamlary çalyndy. Kasam içenimden soň men dabaraly çykyş etdim. Zalda beýik mertebeli myhmanlar - Russiýa federasiýasynyň prezidentiniň Demirgazyk Kawkaz federal sebiti boýunça kömekçi wekili Oleg Belawentsew, Russiýa hökümet ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksandr Hloponin, federasiýanyň agza sebitleriniň baştutanlary, dini, syýasy we jemgyýetçilik wekiller bardy. Olar, Çeçenistanda bolup geçen özgerişlige diýseň ýokary baha berdiler. Men hormatly daýymy ýagny Demirgazyk Kawkaz federal sebitiniň alymlar geňeşiniň başlygy Hojaahmet-hajy Kadyrowyň we mähriban ejem MAM Aýmani Nesiewnanyň çykyşyny uly tolgunma bilen diňledim. Olar, halkyň ynamy bilen watanyň hyzmatkäri bolmagy tabşyrdylar. Bu gün men ýene-de bir gezek öz islegim bilen ynanjyma we watanyma ýagny Russiýa we Çeçenistanyň halkyna hyzmat etmek jogapkärçiligini öz üstüme aldym. Beýik Alla bize kömek etsin!"

Ilýa Politkowskiý, Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, öz ejesiniň janyna kast edilmegini tabşyranyň henize çenli anyklanmandygyny we adalatyň öňünde jogap bermändigini nygtap, munyň ors hökümetine bähbitli däldigi üçin şeýle bolandygyny belläpdir.

"Ýurdy dolandyrýan ýokary gatlagyň aňynda ejem hemişe olar üçin duşman, bäsdeş hem garşydaş hasap edilýärdi. Indi näme üçin onuň işi derňelsin we olary heý bu gyzyklandyrýarmyka? Mende bar bolan maglumata görä, ýokarda ýagny biziň ýurdumyzy dolandyrýanlar kimiň jana kast etdirendigini gaty gowy bilýärler. Ýöne, näme sebäpdendir belli däl, derňew işi dowam etmeýär we onuň sebäbini resmi derňew toparyna düşündirmeýärler. Ol, diýmek haýsam bolsa örän möhüm rol oýnaýan taýpa degişli bolmaly. Russiýada olardan köp bar we şeýle maglumatlar hiç wagt äşgär edilmeýär. Hemmelere mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda köpsanly ýolbaşçylar hakynda ýörite gizlin maglumatlar jemlenýär. Şeýle maglumatlary ýa hiç wagt ulanmaýarlar ýa-da özlerine gerek bolanda ulanýarlar. Meniň pikrime görä, ejemiň janyna kast etdireni bilýänler ony paş etmek üçin belki amatly pursata garaşýarlar. Bu diňe meniň duýgym. Mende muny tassyklap biljek subutnama ýok... Men ors adalatynyň özüni gaýtadan işläp düzmegini isleýärin we munyň hem iru-giç boljagyna ynanýaryn. Ýöne, men edil häzirki režimde we hut häzirki ýagdaýda munyň bilen hiç kimiň meşgullanmajakdygyna düşünýärin... Men şuňa ynanýaryn ýagny bir gün geler adamlar we režimiň hut özi, ejemiň derňew işi bilen köpçüligiň gatnaşmagynda tas täsirli ýagdaýda gyzyklanmaga başlarlar" - diýip, Ilýa Politkowskiý aýdypdyr.

Памяти Анны Политковской
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:54 0:00

Anna Politkowskaýa, özüniň Çeçenistan we Demirgazyk Kawkaz hakdaky alyp baran işleri bilen tanymal bolupdyr. Onuň "Özara dildüwişik" atly ahyrky makalasy, federal güýçleriň hatarynda söweşýän çeçen toparlary hakda bolupdyr. Anna Politkowskaýanyň kömek eden adamlarynyň aýtmagyna görä, ol diňe bir ökde žurnalist bolman, şol bir wagtyň özünde tanymal adam hukuklaryny goraýan işgär bolupdyr.

XS
SM
MD
LG