Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soralyşyklar: Gürji saýlawynyň netijeleri näbelli


Mihaeil Saakaşwili we Bidzina Iwanişwili.
Mihaeil Saakaşwili we Bidzina Iwanişwili.

Geçirilen pikir soralyşyklar partiýalaryň hiç biriniň sesleriň aglaba köplügini alyp bilmejekdigini görkezse-de, Gürjüstanyň iki möhüm syýasy güýji öz partiýalaryny taryplap, 8-nji oktýabrda geçjek milli saýlawlarda olaryň saýlanmak şansyny ýokarlandyrmaga synanyşýarlar.

Özlerine halk tarapyndan goldaw ýokdugy sebäpli ozal häkimiýet başynda bolan "Birleşen milli hereket" partiýasy bilen ony 2012-nji ýylda agdaran "Gürji arzuwy-demokratik Gürjüstan" toparlanyşygy saýlawçylaryň ynamyny gazanyp, olary öz taraplaryna çekmäge synanyşmagyň deregine beýlekini garalap, ony ýurdy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşmakda aýyplaýarlar.

"Partiýalaryň ikisi-de beýlekini duşman simwolyna öwürýär, netijede saýlawçylar diňe ak bilen garany görýärler" diýip, Gürjüstanyň Respublikan partiýasynyň kanun çykaryjysy Wahtang Haladze aýdýar.

Bu partiýalara ýolbaşçylyk edýän iki adam Gürjüstanda resmi wezipede bolmadyk ýa täzeden saýlanmaga synanyşmaýan bolsady, onda bu strategiýa bir adaty zat diýip garap bolardy. Ýöne Gürji arzuwy tarapyndan saýlawa goşulýan milliarder Bidzina Iwanişwili ozal premýer-ministr we Birleşen milli hereketiň kandidaty Mihaeil Saakaşwili hem ozal prezident bolan adam.

Netije - iki gazaply bäsdeş arasynda barýan sögünçli jenjel. Munuň hem on ýyldan gowrak mundan ozal post-sowet rewolýusiýany we hökümetiň separatistik regionlar Abhazystan bilen Günorta Ossetiýanyň üstünden edýän kontrollygyny ýitirmegine getiren weýrançylykly urşy başdan geçirip, çuň syýasy bölünişige batan 5 million ilatly Gürjüstanda saýlawdan soňra näme netijeleriniň boljakdygy belli däl.

Iki adamyň birek-birege ýamanlygyň keşbi diýip garaýandygyny olaryň saýlaw kampaniýasynda ulanýan ritorikasyndan aňlamak bolýar. Olaryň ikisi-de öz garaýyşlaryny beýleki partiýanyň ýeňmegi ýurda we onuň halkyna betbagtçylyk getirer diýip delillendirýärler.

Saýlawdan sanlyja gün öň-de Gürjüstanyň ses bermäge hukukly 3.5 million ilatynyň üçden biri haýsy topara ses berjekdigi hakda belli bir karara gelmändir. 27 partiýanyň we alty saýlaw blogynyň hiç biriniň köplük sesi almak ähtimallygy ýok.

Häzir Ukrainada Odesanyň gubernatory bolan Saakaşwili, öňki Sowet Soýuzynyň daşary işler ministri şol wagtky prezident Eduard Şewardnadzäniň hökümetini 2003-nji ýylda agdaran "Bägül rewolýusiýasy" diýilýänden soňra, özüniň orta-sag partiýasy Birleşen milli hereket bilen birlikde ýurda 9 ýyllap hökümdarlyk etdi. Gürji hökümeti kezzaplyk we öz wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplanýan Saakaşwilini ekstradisiýa etmegini sorap, Ukraina ýüz tutdy. 2015-nji ýylda Tbilisi Saakaşwiliniň graždanlygyny ýatyrdy. Öňki prezident bolsa bu göçümi Birleşen milli hereket partiýasyny täze lider bellemäge mejbur eden "syýasy karar" diýip häsiýetlendirdi.

"Gürji arzuwy-demokratik Gürjüstan" partiýasynyň gurujysy baý haýyr-sahawatçy bolan Iwanişwili 2012-nji ýylda häkimiýet başyna gelip, bir ýyla golaý premýer-ministr bolansoň 2013-nji ýylda bu wezipäni özüniň bir partiýadaşyna berdi. Onuň sahnalaryň aňyrsyndan hökümetiň syýasatyny kesgitleýändigine ýa hiç bolmanynda oňa täsir edýändigine köpçülikleýin ynanylýar.

Saakaşwili Orsýetde köp baýlyk toplan Iwanişwilini "ors oligarhy", "Putiniň ýumuş oglany" diýip atlandyrdy. Ors prezidentine salgylanylmagy "Gürji arzuwy" ýeňiş gazansa, Gürjüstan geosyýasy taýdan Orsýetiň yzyna eýerer diýildigi (häzirki ýolbaşçylaryň 2014-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Asossiýasiýa ylalaşygyna gol çekendigine garamazdan) .

"Gürji arzuwy" 2012-nji ýylda alyp baran saýlaw kampaniýasynda girdejileri artdyrmak, halkyň ýaşaýyş derejesine ýokarlandyrmak we işsizlik derejesini peseltmek barada beren wadalaryny ýerine ýetirip bilmedi. Kampaniýalarda tutuş halkyň bähbidi üçin birsyhly agzybirligiň we konstruktiw hyzmatdaşlygyň tarapyny çalýan häzirki premýer-ministr Giorgi Kwirikaşwiliniň çykyşlary hem "Gürji arzuwy" bilen Birleşen milli hereketiň ýolbaşçy agzalarynyň birek-biregi garalap edýän beýanatlarynyň arasynda batyp gidýär.

Köşeşmak, az-kem saklanmak barada edilýän çagyryşlar netije berenok. Birek-biregiň saýlaw kampaniýasyna bilkastdan päsgel bermezlik ýa ony bökdemezlik barada "Gürji arzuwy" tarapyndan teklip edilen resmi memoranduma diňe dört partiýa - Respublikan partiýasy, Erkin demokratlar we orta-sag Demokratik hereket-birleşen Gürjüstan partiýasy, şeýle hem Watansöýerleriň ýaranlygy gol çekdi.

Bir audio ýazgynyň peýda bolmagy hem Saakaşwili häkimiýet başyna gelmek üçin hiç bir zatdan gaýtjak däl diýip şübhäni oýardy. Bu audioda sesi Saakaşwiliniň we Birleşen milli hereketiň beýleki ýokary derejeli agzalarynyň sesine meňzeş adamlar saýlawda ýeňlişe uçralan halatynda uzak möhletli umumy protestleri ýola goýmagyň mümkinçilikleri hakda pikir alyşýarlar.

Saakaşwili 5-nji oktýabrda wideo üsti bilen alnyp barlan kampaniýada çykyş edip, öz partiýasynyň ýeňiş gazanjakdygynyň ikuçsyzdygyny, üç günüň içinde özüniň Gürjüstana baryp, Gürji arzuwynyň bulam-bujarlygyna şaýat boljakdygyny aýtdy. Bu kampaniýa gatnaşanlaryň sany, çak edilişine görä, on müň bilen ýirimi müňüň aralygynda bolupdyr. 2007-nji ýylyň noýabrynda paýtagtda Saakaşwiliniň hökümetine garşy ençeme günläp protest geçirenleriň sany bolsa 50 müň bilen ýüz müňüň aralygyndady. Kampaniýada çykyş edenleriň ýene biri ondan bir gün öň awtoulagynda bomba partlap, ýeňil ýaralanan Giwi Targamadze.

Ýöne soňky günlerde geçirilen pikir soralyşyklaryndan çen tutulsa, saýlawyň netijeleri entek näbelli. Birleşen milli hereketiň aljak sesleri 13 prosent bilen 16 prosentiň aralygy diýlip çaklanýar, Gürji arzuwynyňki bolsa, 33 bilen 41 prosentiň aralygy diýilýär.

Ýöne bu ýerde beýleki syýasy güýçleriň parlamentde gazanýan orunlary-da täsirsiz däl. 150 sany kanun çykaryjynyň 73-i bir mandatly saýlaw okruglaryndan saýlanýar. Munuň hem aglaba köplügini "Gürji arzuwy" gazanar diýlip çak edilýär. Beýleki 77 mandat bolsa sesleriň azyndan bäş prosentini alan beýleki partiýalaryň arasynda olaryň gazanan seslerine göre paýlanýar.

Kampaniýada entek köp tanalmaýan blok opera aýdymçysy Paata Burçuladze tarapyndan üstümizdäki ýylyň başlarynda gurlan "Döwlet halk üçin" partiýasy bilen ýene iki sany kiçeňräk partiýany öz içine alýar.

Häzir Burçuladzäniň partiýasy ýaly sesleriň bäş prosentinden azyny alarly görünýän, ýöne parlamente girmegi analizçiler tarapyndan mümkin hasaplanylýan beýleki partiýalar bolsa "Watansoýerleriň ýaranlygy", şeýle hem öňki goranmak ministri Irakli Alasanianyň ýolbaşçylygyndaky Erkin demokratlar.

XS
SM
MD
LG