ABŞ-nyň Astanadaky ilçihanasy Gazagystanyň žurnalistler birleşiginiň başlygynyň we onuň oglunyň türme tussaglygyna höküm edilmeginden alada bildirdi.
Seýtgazy Mataýew we onuň ogly Aset, KAZTAG habar gullugynyň direktory 3-nji oktýabrda degişlilikde üç we bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Olaryň ikisi hem maliýe serişdelerini nädogry ulanmak we salgytdan gaçmak aýyplamalaryny ret etdi.
ABŞ-nyň ilçihanasynyň 6-njy oktýabrdaky beýanatynda Mataýewleriň jenaýatda ýazgarylmagy “Gazagystandaky garaşsyz metbugatyň çäklendirmelerini we onuň pikir azatlygy babatyndaky netijelerini” görkezdi diýilýär.
"Biz Gazagystanda garaşsyz medianyň ornunyň azalmagy babatdaky halkara aladalaryna goşulýarys. ABŞ-Gazagystan hyzmatdaşlygynyň ruhuna laýyklykda, biz Gazagystanyň hökümetini, esasy adam hukuklary hökmünde, söz azatlygyny saklap galmaga hem-de ähli raýatlar üçin üpjün edilmeli hukuk proseduralaryny berjaý etmäge çagyrýarys” diýip, beýanatda aýdylýar.