Sepleriň elýeterliligi

Howpsuzlyk geňeşinde Siriýa tekliplerine serediler


Ermenistandan Aleppo şäherine ynsanperwer kömegi geldi, 7-nji oktýabr, 2016

Ermenistandan Aleppo şäherine ynsanperwer kömegi geldi, 7-nji oktýabr, 2016

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 8-nji oktýabrda, diplomatiki petikden çykmak tagallasynyň çäginde, Siriýadaky söweşi togtatmak babatda iki sany bäsleşikli rezolýusiýa ses berer, olaryň biri Orsýetiňki, beýlekisi Fransiýanyňky bolar.

Geňeş ilki Fransiýanyň Orsýetiň we Siriýanyň güýçleriniň Aleppony howadan bombalamalarynyň ählisiniň bes edilmegi baradaky teklibine sereder. Bu çäre Orsýeti ýüzlerçe graždan adamy öldürmegini delile getirjek bolmaga mejbur eder we, garaşylyşy ýaly, ol bu çärä weto goýar.

Geňeşiň çekişmesinde belki-de ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we beýleki esasy günbatar liderleriniň Orsýeti we Siriýany, Aleppodaky asuda adamlary we hassahanalary bilkastdan bombalaýandyklary üçin «uruş jenaýatlarynda» günäli görkezmegi esasy orun tutar.

Bu ses berişlik «Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ählisi üçin hakykat pursaty bolar» diýip, Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Marc Ayrault 7-nji oktýabrda aýtdy. "Sen Aleppoda atyşygyň bes edilmegini isleýärsiňmi ýa-da ýok? Bu sorag hususan-da biziň rus hyzmatdaşymyz üçin” diýip, ol aýtdy.

Emma rus resmileri fransuz rezolýusiýasyna weto goýjakdyklaryny ýaşyryp durmadylar, sebäbi olar bu ýerde söweşden bir taraply çykmalymy diýen soragyň berilmelidigini, çünki pitneçileriň gury ýer goşunlarynyň Aleppodaky hökümet berkitmelerini bombalamagyny dowam etdirip biljekdigini öňe sürdiler.

"Biz muňa syýasy şantaž synanyşygy hökmünde seredýäris» diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Interfax habar gullugyna aýtdy.

"Gynansak-da, Waşingtonyň we Parižiň hereketlerinde sagdyn pikir barha we barha az görünýär, stawkalar bolsa aşa ýokary» diýip, ol aýtdy.

Fransiýanyň teklibine ses berleninden soň, Orsýetiň resolýusiýasyny ses berler. Bu rezolýusiýa ABŞ-Orsýet ýaraşyk ylalaşygynyň derhal durmuşa geçirilmegine çagyrýar. Mälim bolşy ýaly, ABŞ-Orsýet ýaraşyk şertnamasy geçen aý, Aleppodaky söweşiň möwjemegi netijesinde taşlanypdy.

ABŞ, Fransiýa we beýleki günbatar döwletleri rus teklibine weto goýar öýdülýär.

Orsýet öz rezolýusiýasyna alternatiwa hökmünde BMG-niň Siriýadaky ilçisi Steffan de Misturanyň “Al-Kaýda» bilen ilteşikli jeňçi toparyň Aleppodan ewakuasiýa edilmegi baradaky pikirini goldaýar.

Emma muňa garamazdan, Fatah al-Şam Front, ozalky Al-Nusra Front 7-nji oktýabrda twitterde bu teklibi ret etdi hem-de şäheriň pitneçileriň elindäki böleginiň Orsýet we Siriýa režimi tarapyndan döredilen gabawyny böwüsmek niýetinden dänmejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG