Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanlylar täze parlament üçin ses berýär


Gürjüstanlylar parlament saýlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00

Gürjüstanlylar parlament saýlaýar

Gürjüstanda pikir soraýyşlarda netijeleri açyk galan parlament saýlawlary başlandy we alty partiýaly dolandyryjy koalisiýa dört ýyl ozal ses berişlikde üstün çykan toparynyň garşysyna göreşýär.

Resmiler günortana çenli saýlawçylaryň diňe 20 prosentiniň ses berendigini aýtdylar.

3.5 million saýlawçyly post-sowet kawkaz ýurdunda bir palataly we 150 orunly parlamente saýlanmaga çalyşýan otuza golaý partiýa we birleşik bolup, olar 8-nji oktýabrdaky saýlawlara dürli partiýa sanawlary we bir mandatly okruglar akaly goşuldy.

"Bu saýlawlar Gürjüstanyň demokratik ýewropa döwleti hökmündäki abraýyny güýçlendirmek babatynda öňe süýşmekde örän möhüm ädim” diýip, premýer-ministr Giorgi Kvirikaşvili ses bereninden soň žurnalistlere aýtdy.

Uly koalision, merkez-çepçi “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasy milliarder biznesmen Bidzina Iwanişwili tarapyndan guruldy we köp pikir soraýyşlarda biraz öňe saýlandy, emma ozalky prezident Mihail Sakaşwiliniň merkez-sagçy Birleşen milli hereketi we onuň ýaranlary olaryň edil söbügini basyp gelýärler.

Şol bir wagtda, pikir soraýyşlar saýlawçylaryň üçden biriniň entäk belli pikire gelmändigini görkezýär, sebäbi olar ykdysadyýetdäki bökdençlikler, gymmatlaýan bahalar, tankytçylaryň aýdyşy ýaly, Kwirikaşwiliniň hökümetiniň ýerine ýetirmedik wadalary sebäpli ikirjiňlenýärler.

Şu hepde ýarylan we kanun çykaryjy deputaty ýeňilräk ýaralan ulag bombasy hem-de golaýda öň alnan terror hüjümi baradaky habarlar bolsa ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýyna hem ünsi çekdi.

Golaýdaky Ukrainada öz meýline bosgunlykda ýaşaýan we Odessa sebitine gubernatorlyk edýän Sakaşwili öz partiýasynyň ýeňjekdigini aýdýar we bu çaklama çyna öwrülen ýagdaýynda ýurduna gelmegi wada berýär. Ýogsa onuň garşysyna Gürjüstanda jenaýat işi açylan, emma ol bu işiň syýasy sebäplidigini aýdýar.

Eger-de “Gürjüstanyň arzuwy” köplükden az bolup ýeňse,ol birnäçe potensiýal koalisiýadan hyzmatdaş seçmeli boljaga meňzeýär.

Analitikler Tbilisiniň NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmak arzuwy bu saýlawlara täsir ýetirene meňzemeýär diýýärler, sebäbi gürjüstanlylar goňşy Orsýet bilen Ýewropa aralygyndaky kyn çatrykdan gaýdan çarkandak ýolda erjellik bilen öňe dyzamaklaryny dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG