Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan noýabrda Owganystana demirýol açmaga taýýarlanýar


 Lebap. Demirýol liniýasy

Lebap. Demirýol liniýasy

Prezident Berdimuhamedow anna güni Atamyrat-Ymamnazar-Akina demirýol liniýasynyň açylyş dabarasyny taýýarlamak baradaky komissiýany tassyklady.

Türkmen mediasy bu komissiýanyň Aziýa halkara demirýol transporty koridorynyň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek üçin düzülendigini habar berýär.

Bu dabarada Atamyrat-Ymamnazar-Akina demirýol uçastogy bilen bilelikde, Lebap welaýatynyň Ymamnazar etrabyndaky gümrük punktynda nebit önümlerinikabul etmek, saklamak we ugratmak baradaky terminal hem açylar.

Dokumente laýyklykda, komissiýa ýokarda agzalan açylyş dabarasyny geçirmek boýunça plan düzmek tabşyryldy.

Türkmen prezidentiniň anna güni bu meselä bagyşlap geçiren ýörite maslahatynda aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän demirýol liniýasynyň gurluşygy indiki aýyň onlaryna çenli tamam bolar.

XS
SM
MD
LG