Sepleriň elýeterliligi

Baku sudy Ysmaýylowanyň talabyny ret etdi


 Hatyja Ysmaýylowa

Hatyja Ysmaýylowa

Azerbaýjanyň şikaýat sudy derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowanyň özüne ýöňkelen bikanun işewürlik aýyplamasynyň aýrylmagy baradaky talabyny ret etdi.

Ysmaýylowanyň aklawçysy Fariz NamazliBakuwda ýerleşýän suduň bu talaby 7-nji oktýabrda ret edendigini aýtdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň hyzmatdaşy, öz žurnalistik işi üçin bir topar halkara baýragyna mynasyp bolan žurnalist Ysmaýylowa 2014-nji ýylyň dekabrynda, giňden tankyt edilen aýyplamalar esasynda tussag edildi.

Hukuk toparlary Ysmaýylowanyň Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň we onuň maşgalasynyň gatnaşmagyndaky korrupsiýa barada ýazan derňeýji makalalary üçin, syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny aýdýarlar.

Ol ýedi ýarym ýyl tussaglyga höküm edilen hem bolsa, Azerbaýjanyň Ýokary sudy maý aýynda onuň türme möhletini 3,5 ýarym ýyl şertli tussaglyga çalşyrdy. Awgust aýynda bolsa onuň şertli tussaglygy hem 2 ýyl 3 aýa çenli azaldyldy.

XS
SM
MD
LG