Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk polisiýasy ulag bombasynyň öňüni aldym diýýär 


Ankara, türk ofiserleri
Ankara, türk ofiserleri

Türk häkimiýetleri iki sany janyndan geçen bombaçynyň paýtagtyň daşynda, polisiýa tabyn bol diýen buýrugy bereninden soň, özüni partladandygyny aýdýar.

Gubernator ErkanTopaça iki bombaçynyň hem – erkek we aýal adamyň, 8-nji oktýabrda ölendigini, emma başga hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy.

Döwlet eýeçiligindäki Anadolu habar gullugy güman edilýänleriň ulag bombasyny ýarmaga taýýarlanandyklaryny aýdýar.

Topaça olaryň PKK, gadagan edilen Kürdistan işçiler partiýasy bilen ilteşikli bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG