Sepleriň elýeterliligi

German şäherinde damaskly 'bombaçy' gözlenýär


Polisiýa ol bina girmek üçin güýç ulanana çalym edýär

Polisiýa ol bina girmek üçin güýç ulanana çalym edýär

German häkimiýetleri 8-nji oktýabrda gündogar şäher Hemnisde bir adamyň gözleginiň başlanandygyny , siriýaly bir erkegiň bomba hüjümini planlaşdyrmakda güman edilýändigini aýtdylar.

Häkimiýetler gözlenýän erkegi damaskly, 22 ýaşyndaky Jaber Albakr diýip tanatdylar. Biraz öň häkimiýetler Hemnisde bir binanyň adamlaryny, bomba hüjüminiň planlaşdyrylandygyny güman edip, ewakuasiýa edýändigini aýdypdylar.

Şeýle-de olar bu töweregiňýaşaýjylaryna öýlerinde bolmagy tabşyrdy.

Polisiýa ol bina girmek üçin güýç ulanana çalym edýär we twitterde: «Ol ýere barmak çäresi görlende bir partlama eşidildi, degişli adam tapylmady» diýip ýazdy.

"Haýyş, daşy gabsalan ýeriň çägindeöz kwartiralaryňyzda galyň we, bu ýerde hem töwerekde polisiýanyň görkezmesine eýeriň» diýip, Saksoniýa döwlet polisiýasy twitterde aýtdy.

Polisiýa Hemnisiň Fritz-Hekert-Gebiýet mähellesine esli güýç ýerleşdirendigini aýtdy, emma sözçi şundan başga zat aýtmakdan boýun gaçyrdy.

XS
SM
MD
LG