Sepleriň elýeterliligi

Türkmen migrantlaryna atylýan haýbat nireden uç alýar?


Lebap, Migrasiýa gullugyndaky nobat, 2012 ý.

Lebap, Migrasiýa gullugyndaky nobat, 2012 ý.

Golaýda daşary ýurtlarda ýaşaýan we internet mümkinçiliklerini ulanyp, sosial ulgamlarda Türkmenistandaky syýasy-ykdysady, sosial-medeni ýagdaýlar barada öz pikirini aýtmaga çalyşýan türkmen raýatlaryna näbelli adamlar tarapyndan haýbat atylandygy barada habarlar çykdy.

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanynda, türkmen migrantlarynyň gatnaşmagynda, bu haýbatlaryň kimler tarapyndan we näme üçin atylýandygy, bu hili gorkuzma synanyşyklarynyň olaryň durmuşyna, işine we garyndaşlary bilen gatnaşyklaryna ýetirip biljek täsirleri barada pikir alşylýar.

Bu söhbetdeşligi diňläp, sizi hem gürrüňe goşulmaga we bu ugurda bolan tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG