Sepleriň elýeterliligi

Saýlaw resmileri "Gürjüstanyň arzuwy" öňde diýýärler


"Gürjütanyň arzuwy" ýeňiş gazandy.

"Gürjütanyň arzuwy" ýeňiş gazandy.

Gürjüstanyň dolandyryjy partiýasy ýurduň parlament saýlawlarynda 50 prosentden sähel azses aldy diýip, deslapky resmi netijelerde aýdylýar.

Saýlaw uçastoklarynda berlen sesleriň 67 prosente golaýy sanalandan soň, Merkezi saýlaw komissiýasy 9-njy oktýabrda "Gürjütanyň arzuwy» partiýasynyň 49.8 prosent ses alandygyny aýtdy.

Beýleki partiýalardan entek parlament mandatyny almaga ýeterlik ses alan ýok.

«Gurjüstanyň arzuwy» 8-nji oktýabrda, saýlaw uçastoklary ýapylan badyna özüniň ýeňendigini yglan etdi we beýleki partiýalar ony saýlawy ogurlajak bolmakda aýypladylar.

Saýlawa gatnaşyk boýunça sanlar çap edilmedi, emma gürji kanunçylygy saýlawyň kanunylygyny kesgitlemek üçin minimum gatnaşygy talap etmeýär.

XS
SM
MD
LG