Sepleriň elýeterliligi

Çagyrsalar-da, Tramp saýlawdan çekilmejekdigini aýdýar


2005-nji ýylyň widioşekili, Donald Tramp aktrisa Arianne Zucker bilen "Biziň ömrümiziň günleri" gepleşigine çykmaga taýýarlanýar.

2005-nji ýylyň widioşekili, Donald Tramp aktrisa Arianne Zucker bilen "Biziň ömrümiziň günleri" gepleşigine çykmaga taýýarlanýar.

Birleşen Ştatlaryň prezident saýlawlarynyň bary-ýogy bir aý öňünden, Respublikan partiýanyň onlarça öňdebaryjy şahsyýeti partiýanyň prezidentlige kandidatynyň, tütjar baý Donald Trampyň kapmaniýany bes etmegine çagyrdy.

Syýasatçylar Trampyň gyra çekilmegine 8-nji oktýabrda, ABŞ mediasy onuň 2005-nji ýylda aýallar barada aýdan gödek sözlerini we seksual hüjüme barabar öwünmelerini çap edeninden bir gün soň çagyrmaga başladylar.

Respublikan kongresmen Paul Ryan (Wisconsin), Wekiller öýüniň spikeri Trampyň aýdan sözlerini ýazgardy, emma onuň gyra çekilmegine çagyrmady. Respublikan partiýanyň milli komitetiniň başlygy Reince Priebus hem Trampyň gyra çekilmegine çagyrmakdan saklandy.

Tramp seýrek edýän işini edip, ötünçnama çap etdi, emma 8-nji noýabrdaky saýlawlar üçin kampaniýany dowam etdirjekdigini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, respublikan senatorlaryň, Wekiller öýüniň agzalarynyň bir topary, gubernatorlar we ozalky syýasy şahslar beýanat çap edip, özleriniň Trampa goldawlyryny bes edýändiklerini aýtdylar we onuň gyra çekilmegine çagyrdylar.

“Donald Tramp gyra çekilmeli” diýip, Alýaskanyň senatory Dan Sullivan aýtdy. “Men[wise-prezidentlige hödürlenen] Maýk Pence prezidentlik goldawyny bererin.”

ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Kondaliza Raýs feýsbukda Tramp çekilmeli diýdi we özüniň ýer ýüzündäki iň uly demokratiýanyň iň ýokary wezipesine dalaş etmek üçin mertebe-sylagy bar adama goldaw berjekdigini aýtdy.

Kaliforniýanyň ozalky gubernatory we aktýor Arnold Şwarsnegger respublikanlary Trampa berýän goldawlaryny bes etmäge çagyrdy we munuň olaryň borjudygyny, sebäbi Trampyň ýurt ýolbaşçylygyna saýlanmagynyň kabul ederlik däldigini aýtdy.

ABŞ-nyň senatory Jon MakKeýn (Respublikan-Arizona) beýanat çap edip, özüniň Trampa ses bermejekdigini aýtdy, emma onuň çekilmegine çagyrmakdan saklandy.

Nýu-Ýorkuň ozalky gubernatory George Pataki Trampyň kampaniýasyny «yňdarmalygyň we bisowatlygyň zäherli garnuwy» diýip atlandyrdy.
Günbatardaky konserwatiw Utah ştatynyň tutuş respublikan ýolbaşçylary, şol sanda gubernator Gary Herbert Trampyň gyra çekilmegine çagyrdy.

Mormon ubadathanasynyň eýeçiligindäki "The Deseret» gazeti baş makala çap edip, Trampyň aýdan sözleri «beýleki adamlary isleýşiň ýaly ulanyp, soň kyhlap zyňmak islegini görkezýär» diýdi.

“Bu zulumkärlige mahsus gylyk we onuň özeni bolup durýar” diýmek bilen, baş makala Trampyň saýlawdan çekilmegine çagyrýar.

Trampyň birnäçe ýüz goldawçysy Nýu-Ýorkda Tramp diňiniň daş işiginde toplandy we Tramp olara el galgatmak üçin gysga wagtlyk peýda boldy.

Trampyň berk goldawçylarynyň biri, Nýu-Ýorkuň ozalky meri
Rudolf Guilani CNN-e Trampyň saýlawdan çekilmegi baradaky ideýa Demokratik partiýanyň goldawçylarynyň «hyýalbentligi» diýdi.

Şu aralykda Bill Pruitt, “The Apprentice» telewizion gepleşiginiň, Trampyň çykyş eden gepleşikleriniň prodýuseri ol ýerde Tramp bilen bagly has erbet ýazgylaryň hem bardygyny aýtdy we twitterde “#justthebeginning” – «diňe başlangyjy» diýen belgi bilen köp zadyň ýüze çykjakdygyny duýdurdy.

Fox Newsiň žurnalisti Ed Henry twitterde Trampyň geňeşçisi Ben Garson entek bu ýerde köp «paş edişlikleriň» boljakdygyny aýtdy diýdi.

Tramp we onuň demokrat bäsdeşi Hillari Klinton 9-njy oktýabrda, Missuri Ştatynda, Merhemetli Luisde ikinji ýüzbe-ýüz prezidentlik çekişmesine taýýarlanýar.

XS
SM
MD
LG