Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşuly respublikanlar Trampa goldawyny bes edýär


 Donald Tramp çykyş edýär.
Donald Tramp çykyş edýär.

Saýlawlara bir aýa golaý wagt galmagy bilen, Donald Tramp we Hillari Klinton 10-njy oktýabrda ýüzbe-ýüz prezidentlik çekişmeleriniň ikinji tapgyryna taýýarlanýar.

Missuri ştatynda, Merhemetli Luisde geçiriljek çekişme uly derejeli respublikanlaryň has köpüsiniň Donald Trampa bildirýän goldawyny bes etmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Olar bu karara gozganmaýan emläk milliarderiniň 2005-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda aýallar barada aýdan gelşiksiz sözleriniň we seksual hüjüme barabar öwünmeleriniň ýazgysy ýaýradylanyndan soň geldiler.

Respublikan senatorlar, Wekiller öýüniň agzalary, gubernatorlar we ozalky syýasy şahslar Trampy kampaniýany bes etmäge çagyrdylar. Klinton Trampyň aýdan sözlerini «eýmendiriji» diýip atlandyrdy.

Gozganmaýan emläk tütjaryöz aýdan sözleri üçin ötünç sorady we 8-nji noýabrdaky saýlawlar üçin kampaniýasyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol öz demokrat bäsdeşi Hillari Klintona we onuň ýanýoldaşy, ozalky prezident Bil Klintona hüjüm etdi.

"Bil Klinton hakykatda aýallara ýowuz çemeleşdi, Hillari bolsa onuň pidalaryny ýanady, hüjüm etdi we utandyrdy» diýip, ol öz wideo ötünjinde aýtdy. "Biz bu barada gelýän günlerde gürrüň ederis: siz bilen ýekşenbe güni boljak çekişmede görşeris» diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG