Sepleriň elýeterliligi

Owgan dikuçarynda ýedi adam öldi


 Dande-Hori etraby

Dande-Hori etraby

Owgan resmileri Milli goşunyň dikuçarynyň demirgazyk welaýat Baglanda heläkçilige uçrandygyny we onuň üstünde azyndan 7 adamyň ölendigini aýtdylar.

Resmiler 9-njy oktýabrdaky hadysanyň Dande-Howri etrabynda bolandygyny, dikuçaryň Gargantepe töweregindäki harby baza ýük alyp barýan wagty ýykylandygyny aýtdylar.

Goranmak ministrligi Orsýetde ýasalan Mi-17 dikuçarynyň tehniki ýetmezçilik zerarly ýykylandygyny aýtdy, emma «Talyban» bu dikuçary öz söweşijileriniň urup ýykandygyny aýdýar.

Owgan resmileri Gargantepedäki harby bazanyň daşynyň bir hepde çemesi wagt bäri jeňççiler tarapyndan gabalandygyny, onuň içinde 100 çemesi esgeriň galandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG