Sepleriň elýeterliligi

German polisiýasy gaçgaklykdaky siriýalyny tutdy


German polisiýasy gaçgaklykdaky siriýaly Jaber Al-Bakryň suratyna syn edýär.

German polisiýasy gaçgaklykdaky siriýaly Jaber Al-Bakryň suratyna syn edýär.

Germaniýanyň polisiýasy iki gün dowam eden yzarlamalardan soň, bomba hüjümini amala aşyrmagy planlaşdyrandygy aýdylýan siriýaly adamy tussag etdi.

Leipzig şäheriniň polisiýasynyň 10-njy oktýabrda “Twitter” sosial ulgamynda çap eden maglumatyna görä, 22 ýaşly Jaber Al-Bakr gijäň ýary tussag edildi.

Al-Bakr bosgun hökmünde geçen ýyl Germaniýa gelipdi.

Germaniýanyň prokuratura edarasynyň metbugat wekili Al-Bakryň hereketlerini “yslamçy esasly hüjümi” planlaşdyrmak diýip häsiýetlendirdi.

Polisiýa 8-nji oktýabrda Hemnitzde Al-Bakryň öýüne girip, “wirtual bomba ýasaýan laboratoriýany” tapany bäri, onuň gözlegindedi.

XS
SM
MD
LG