Sepleriň elýeterliligi

Dagystanyň howpsuzlyk güýçleri üç şübheli söweşijini öldürdi


Demirgazyk Kawkaz regionynyň kartasy.

Demirgazyk Kawkaz regionynyň kartasy.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Dagystandaky howpsuzlyk güýçleri ýurtda geçirilen ýörite operasiýalar döwründe azyndan üç söweşijiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Russiýanyň media serişdeleriniň Dagystanyň howpsuzlyk resmilerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, 10-njy oktýabrda ýurduň günorta-günbataryndaky Suleýman-Stal regionynda başlan ýörite operasiýalar dowam edýär.

Resmiler operasiýalar döwründe bir harby ofiseriň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Dagystan Demirgazyk Kawkazda yslam döwletini döretmek isleýän ýaragly jenaýatçy toparlaryň we söweşijileriň zorlugynyň merkezine öwrüldi.

Bu ýerde polisiýa işgärleri, žurnalistler we hökümet resmileri hüjümlere ýygy-ýygydan sezewar edilýärler.

XS
SM
MD
LG