Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasy duýduryş ýaýratdy


ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasy.

ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasy.

Birleşen Ştatlaryň Bişkekdäki ilçihanasy Gyrgyzystanda terrorçylykly hüjümiň amala aşyrylmagynyň mümkindigi barada duýduryş çap etdi.

Ilçihana özüniň 8-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda özlerine oktýabr aýynda Gyrgyzystanda ýerli resmileriň ýa-da daşary ýurtly diplomatlaryň alnyp gaçylmagy we zamun alynmagy ýaly wakalaryň bolup biljekdigi dogrusynda maglumatlaryň gelip gowşandygyny aýdýar.

Şu ýylyň 30-njy awgustda janyndan geçen ulagly bombaçy Bişkekdäki hytaý ilçihanasyna hüjüm edip, öz-özüni öldüripdi we başga-da ilçihananyň üç gyrgyz raýatyny ýaralapdy. Gyrgyz resmileri hüjümçini asly uýgur yslamçy diýip häsiýetlendiripdi.

2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Bişkegiň merkezindäki türmeden dokuz sany yslamçy söweşiji gaçyp, dört sany türme sakçysyny öldüripdi. Şondan gysga wagt soň, olaryň altysy ele salyndy, beýleki üçüsi atylyp öldürildi.

Gyrgyz resmileri Ýakyn Gündogar ýurtlarynda yslamçy söweşijilere goşulan gyrgyz raýatlarynyň sanynyň ortaça 500-e barabardygyny habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG