Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “Arzuw” ýumruldy


Iki ýüzden gowrak söwda nokatly “Arzuw” bazarynyň ýykylmagy diňe bir söwdegärlere däl, eýse sebitiň ýaşaýjylaryna-da oňaýsyz täsirini ýetirdi.
Iki ýüzden gowrak söwda nokatly “Arzuw” bazarynyň ýykylmagy diňe bir söwdegärlere däl, eýse sebitiň ýaşaýjylaryna-da oňaýsyz täsirini ýetirdi.

Aşgabatda ýene uly bazarlaryň biri ýumrulyp, ýer-ýegsan edildi. Paýtagtyň ilat arasynda “Hitrowka” diýlip atlandyrylýan sebitinde, has takygy “Hoja Ahmet Ýasawy” köçesi bilen “Andalyp” (ozalky “Mir”) köçesiniň demirgazyk böleginde ýerleşen “Arzuw bazaryndan” häzir diňe bir zir-zibil depeleri galdy.

Ýerli resmiler bazaryň bassyrmaly söwda nokatlarynyň, 100-den gowrak dükanlarynyň, garbanyşhanadyr kafeleriniň ýumrulmagyna “Andalyp” köçesiniň giňeldilmegi bilen baglylykdaky alnyp barylýan işleriň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, bu bazardaky söwdagärler dükanlaryny terk etmelidigi barada özlerine diňe iki gün öňünden duýdurylandygyny, gyssag arada uly zyýana galandyklaryny gürrüň berdiler.

“Köçäniň giňeldilýändigi sebäpli bazaryň hem ýykylmagynyň mümkindigi barada gep-gürrüňler öňräkden peýda bolup başlapdy. Emma bu barada gyzyklanyp soranymyzda, ne bazaryň, ne-de häkimligiň resmileri bize aýdyň jogap berip bildiler. Netijede, iki hepde ozal ‘iki günden bazary boşadyň’ diýip tabşyrdylar. Harytlary özümiň, tanyş-bilişlerimiň öýlerine daşamakdan başga çäräm galmady” diýip, özüni Wepa diýip tanyşdyran “Arzuw” bazarynyň ozalky söwdegärleriniň biri Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

Wepa ozalky “Arzuw” bazaryndaky dükanyndan mahrum bolanyndan soň, aradan iki hepde töweregi wagt geçse-de, täze söwda nokadyny tapyp bilmändigini aýdýar.

“Arenda tölegleri gaty gymmat. ‘Täze söwda merkezlerine gidiň’ diýdiler. Ol ýerdäki soralýan baha bizde ýok. Harydymyz geçmän dur. Uly zyýana galdyk. Hökümetde hem kompensasiýa [ýitginiň öwezini dolmak] diýen düzgün ýok” diýip, Wepa zeýrendi.

Iki ýüzden gowrak söwda nokatly “Arzuw” bazarynyň ýykylmagy diňe bir söwdegärlere däl, eýse sebitiň ýaşaýjylaryna-da oňaýsyz täsirini ýetirdi.

“Daýhan bazary” göçürilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:47 0:00

“Indi ownuk-uşak söwda üçinem onlarça kilometri söküp çölüň içindäki ‘Altyn Asyr’ bazaryna gatnaýarys. Ýarym günümiz diňe ýola gidýär. Bazary wagtlaýyn hem bolsa golaý-goltuma göçüräýseler bolmaýarmy?” diýip, “hitrowkaly” Sülgün daýza öz nägileligini bildirdi.

Bazardan çykarylan söwdegärler ýerli häkimiýetleriň “Andalyp” köçesi giňeldilip gutarandan soň, “Arzuw” bazarynyň öňki ornundan täzeden guruljagyna söz berlendigini aýdýarlar. Emma söwdegärler muňa haçan amal ediljekdigi barada anyk hiç hili maglumatyň berilmändigini hem sözlerine goşdular.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele dogrusynda şäher häkimliginden hem nähilidir bir maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Galyberse-de, soňky ýylyň dowamynda paýtagtyň dürli sebitlerinde uly bazarlaryň ençemesi ýumruldy ýa-da “abatlaýyş işleri” bahanasy sebäpli uzak möhletleýin ýapyldy. Bu ýagdaýlaryň hem öz gezeginde söwdegärlerden başlap, ýerli ýaşaýjylara çenli özüniň ýaramaz täsirini ýetirendigine üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG