Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak howpsuzlyk güýçleri şübheli terroristleri tussag etdi


Gazak esgerleri.
Gazak esgerleri.

Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň iň uly şäheri Almatyda terrorçylykda şübhelenilýän üç adamy tussag etdiler.

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň (KNB) 11-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, tussag edilen şol adamlar ýurduň kanun goraýjy resmilerine garşy birnäçe terrorçylykly aktlary amala aşyrmagy planlaşdyrýardy.

Gazak Milli Howpsuzlyk Komitetiniň derňewçileriniň beýanatda aýtmagyna görä, olar şübhelileriň eýeçiligindäki ekstremist mazmunly maglumatlary, şeýle-de, partladyjy serişdeleri ýasamak üçin ulanylýan serişdeleriň böleklerini tapypdyrlar.

Şu ýylyň iýun aýynda gazak häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe şäherinde yslamçy söweşiji diýlip güman edilýän 25 adamyň birnäçe hüjümleri amala aşyrandygyny hem-de parahat ilatdan bäş adamy we Gazagystanyň howpsuzlyk güýçlerinden üç harbyny öldürendigini aýdýarlar.

Şonda gazak howpsuzlyk güýçleri ýaragly adamlaryň 18 sanysyny öldürip, ýedisini tussag etdiler.

XS
SM
MD
LG