Sepleriň elýeterliligi

Raport: 700 million gyz çaga durmuşa çykmaga mejbur edildi


Owgan gyzy.

Owgan gyzy.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlary esasynda taýýarlanan täze hasabatda dünýäde 18 ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykmaga mejbur edilen ortaça 700 million gyzyň bardygy çaklanylýar.

“Save the Children”, ýagny “Çagalary halas ediň” atly guramanyň Gyz çagalaryň halkara güni mynasybetli 11-nji oktýabrda ýaýradan raportynda her ýedi sekuntda bir sany 15 ýaşyna ýetmedik gyzyň durmuşa çykmaga mejbur edilýändigi aýdylýar. Şeýle-de, hasabatda başga-da ençeme gyzyň 10 ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykmaga mejbur edilýändigi bellenilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň çagalar baradaky “UNICEF” agentliginiň statistikalaryna salgylanyp berilýän maglumata görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäde nika ýaşyna ýetmedik 1,2 milliard çemesi gyzyň durmuşa çykmaga mejbur edilmegi mümkin.

“Her bir soňky gyz” atly hasabatda gyzlaryň wagtyndan öň durmuşa çykarylmagy olaryň bilim almagynyň we işlemeginiň öňüni alýar diýilýär. Şeýle-de, bu köplenç garyplyk aýlawynyň dowam etmegine sebäp bolýar.

“Wagtyndan ozal amala aşyrylan nikalar bähbitsizligiň aýlawyny başladýar. Bu gyzlaryň iň esasy hukuklaryny - öwrenmek, öz-özüni ösdürmek we çaga bolmak hukuklaryny gadagan edýär” diýip, “Çagalary halas ediň” guramasynyň baş direktory Susanna Krueger aýdýar.

XS
SM
MD
LG