Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda Mirziýaýew amnistiýany teklip etdi


Şawkat Mirziýaýew.

Şawkat Mirziýaýew.

Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirziýaýew ýurtda 8-nji dekabrda belleniljek “Konstitusiýa güni” mynasybetli tussaglaryň amnistiýa edilmegini teklip etdi.

10-njy oktýabrda geçirilen ýygnakda Özbegistanyň parlamentiniň ýokary palatasy - Senaty amnistiýanyň çäginde beýleki tussaglar bilen bir hatarda, zenan bendileri, ýetginjek ýaşyna ýetmänkä jenaýat işini eden adamlary, 60 ýaşdan ýokary erkek tussaglary, daşary ýurtlulary we mümkinçiligi çäkli adamlary tussaglykdan boşatmagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Özbek Senaty bu teklipnama baradaky soňky karary 12-nji oktýabrda kabul eder.

Tussaglaryň amnistiýasy baradaky bu teklip kabul edilse, onda bu 2-nji sentýabrda özbek lideri Yslam Kerimowyň ölendigi resmi taýdan yglan edileni bäri kabul edilen ilkinji günä geçişlik bolar.

XS
SM
MD
LG