Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorbaçew Russiýa-ABŞ dartgynlylygy ‘howply derejede’ diýdi


Öňki sowet lideri we Nobel baýragynyň laureaty Mihail Gorbaçew.
Öňki sowet lideri we Nobel baýragynyň laureaty Mihail Gorbaçew.

Öňki sowet lideri we Nobel baýragynyň laureaty Mihail Gorbaçew Siriýadaky konflikt sebäpli Russiýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenen mahaly, dünýäniň “howply derejä” ýetendigini duýdurdy.

Birleşen Ştatlar 3-nji oktýabrda Siriýada atyşyklary bes etmek boýunça Orsýet bilen alnyp barylýan gepleşiklerden çekileli we Orsýeti saýlaw döwründe internet üsti bilen Birleşen Ştatlaryň syýasy guramalaryny nyşana alýanlykda resmi taýdan aýyplaly bäri ýaramazlaşdy.

Bu aralykda, Kreml ýadro hyzmatdaşlygy baradaky paktlarynyň ençemesini ýatyrdy hem-de Siriýada we özüniň Ýewropa bilen serhetlerinde harby güýçlerini ýerleşdirdi.

“Meniň pikirimçe dünýä howply derejä ýetdi” diýip, 85 ýaşly Gorbaçew 10-njy oktýabrda döwlet eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

“Men anyk maslahat barada hiç zat aýdasym gelenok. Ýöne men munuň durzulmagyna zerurlygyň bardygyny aýtmak isleýärin. Biz dialogy täzelemelidiris. Ony duruzmak iň uly ýalňyşlykdy” diýip, Gorbaçew belledi.

XS
SM
MD
LG