Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gorbaçew: Russiýa-ABŞ dartgynlylygy ‘howply derejede’


Mihail Gorbaçew.

Mihail Gorbaçew.

Siriýada barýan konflikt sebäpli Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlylyk artýan döwründe, öňki sowet ýolbaşçysy we Nobel baýragynyň laureaty Mihail Gorbaçew dünýä “howply derejä” ýetdi diýip duýduryş berdi.

Ukrain konflikti sebäpli ozal Sowuk uruş döwründen bärde özüniň iň pes derejesinde bolan Moskwa-Waşington gatnaşyklary, Amerika 3-nji oktýabrda Siriýada atyşyklary bes etmek boýunça Orsýet bilen alnyp barylýan gepleşiklerden çekileli we Orsýeti saýlaw döwründe internet üsti bilen Birleşen Ştatlaryň syýasy guramalaryny nyşana alýanlykda resmi taýdan aýyplaly bäri ýaramazlaşdy.

Kreml hem ýadro hyzmatdaşlygy boýunça ozal baglaşylan geleşikleriň ençemesini togtatdy hem Siriýadaky harby güýjüni artdyrdy, şeýle hem Kaliningradda, NATO-nyň gapsynyň agzynda ýadro ukyply raketalary ýerleşdirdi.

85 ýaşly Gorbaçew 10-njy oktýabrda döwletiň eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar gullugyna beren interwýusynda şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, dünýä bir howply nokada gelip ýetdi. Men bir anyk çözgüt bermek islämok. Ýöne munuň togtadylmagynyň zerurdygyny aýtjak bolýaryn. Biz dialogy täzelemeli. Onuň togtadylmagy iň uly ýalňyşlykdyr”.

Soňky ýyllarda bolan iň ýaramaz zat

Sowet Soýuzynyň iň soňky lideri bolan Gorbaçew Günbatar bilen onlarça ýyllap dowam eden dartgynlylygyň gowşadylmagyna ýol açdy, Sowuk urşuň soňlanmagyna kömek etdi. Ol iki ägirt güýç arasyndaky dawa-jenjeli ýeňletmek maksady bilen ýadro ýaraglaryny azaltmak boýunça Waşington bilen möhüm ylalaşyklara gol goýdy.

“Has zerur bolan esasy meselelere dolanmaly. Bular ýadro ýaragsyzlanyşygy, terrorizme garşy göreş, şeýle hem daşky gurşawa abanmagy mümkin betbagtçylyklaryň öňüni almak. Bular bilen deňäniňde, beýleki zatlar yza süýşýär” diýip, Gorbaçew belledi.

Gorbaçew, mundan daşgary, 10-njy oktýabrda Islandiýada eden çykyşynda soňky ýyllarda bolan iň ýaramaz zat uly döwletler arasyndaky gatnaşyklarda birek-birege bolan ynamyň çökendigi. Atom ýaraglaryndan azat dünýä açylýan penjire biziň gözümiziň alnynda ýapylyp, petiklendi diýdi.

“Ýadro ýaraglary barka, olaryň ulanmak howpy-da bolar. Bu iş tötänden bolar ýa tehniki ýalňyşlyklar, ýa-da bir ruhy keselliniň, ýa bir terroristiň ýaman niýeti netijesinde bolar” diýip, Gorbaçew aýtdy.

Gorbaçew ýöne ýadro ýaraglarynyň ösdürilmeginiň öňüni almagyň deregine, dünýäniň güýçli döwletleri täzelerini döredýärler, öňküleri gowulandyrýarlar, raketadan goranyş sistemalarynyň ornadylmagy ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagyna ýol açyp, konflikti has-da ahmallaşdyrdy diýdi.

XS
SM
MD
LG