Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Ýas tutýan şaýylara edilen hüjümde 18 adam öldi


Owgan howpsuzlyk güýçleri türbedäki onlarça adamy ewakuasiýa etdi. 11-nji oktýabr, 2016.

Owgan howpsuzlyk güýçleri türbedäki onlarça adamy ewakuasiýa etdi. 11-nji oktýabr, 2016.

Ýaragly adam owgan paýtagty Kabulda bir türbäniň daş işiginde toplanyp, ýas tutýan şaýy mähellesini oka tutdy we azyndan 18 adamy öldürdi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Sedik Seddiki Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Azat Owganystan gullugyna Kabuldaky iň uly türbe bolan Karte Şakhiniň daş işiginde bolan hüjümde ölenlerden başga 62 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Seddiki asuda adamlardan 13 adamyň we bir polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdy. Ýaraly bolanlaryň arasynda bolsa üç sany polisiýa ofiseri bar.

Türbäniň ýanyna toplanan şaýy mähellesi şaýy kalendarynyň iň bir mukaddes çäreleriniň birine, Aşura festiwalyny bellemäge ýygnanypdy.

Kabul polisiýasynyň başlygy Abdul Rahman Rahimi Azat Owganystan radiosyna, biraz öň üç ýaragly adamyň bolandygy baradaky habaryň tersine, bu hüjümiň diňe bir adam tarapyndan amala aşyrylandygyny we onuň soňra howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" jeňçi topary 12-nji oktýabrda internetde çap edilen beýanat arkaly öz üstüne aldy.

Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň 11-nji oktýabrda çap eden beýanatynda pidalara gynanç bildirildi we bu hüjüm «adamzada garşy edilen jenaýatyň görnetin alamaty hökmünde» ýazgaryldy.

"Terrorçy hüjümleri Owganystanda owgan jemgyýetiniň agzybirliginiň esasy elementi bolan dini we milli däp-dessurlary berjaý etmegi togtadyp bilmez» diýip, prezidentiň edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Jemgyýetçilik saglygy ministrliginiň resmileri bu hadysada azyndan 43 adamyň ýaraly bolandygyny we hassahana getirilendigini aýtdylar. Resmiler ölenleriň sanynyň artmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Owgan howpsuzlyk güýçleri türbedäki onlarça adamy ewakuasiýa etdi.

Aşura dessury mahalynda Muhammet Pygamberiň 680-nji ýylda öldürilen agtygy Ymam Huseýniň ölümi ýatlanylýar, onuň ölümi şaýy mezhebiniň esasyny goýdy.

Aşura dünýä ýüzündäki şaýylar üçin zulum-süteme garşy göreşiň simwoly bolup durýar.

Iýul aýynda guralan hüjümde köpüsi hazara etniki toparyndan bolan 84 adam öldürildi we bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» ekstremist topary öz üstüne aldy.

2011-nji ýylda Kabulda başga bir türbede, ýüzlerçe adamyň toplanan wagty janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran hüjüminde 54 adam öldürildi. Şol gün demirgazykdaky Mazare-Şarif şäherindäki şaýy metjidine hem zarba uruldy we ol ýerde dört adam öldürildi.

Kabul polisiýasy, hüjüm ähtimallygy zerarly, şaýylaryň uly mähelle bolup bir ýere toplanmazlygy barada duýduryş berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG