Sepleriň elýeterliligi

logo-print

‘Hollywoodyň’ iň güýçli 25 ýazyjysynyň sanawyndaky täze agzalar


J.K. Rowling, George R. R. Martin, John Green.

J.K. Rowling, George R. R. Martin, John Green.

“Hollywood Reporter” žurnalynyň taýýarlan sanawyna görä, 2016-njy ýylyň “iň güýçli ýazyjylary” J.K. Rowling, George R. R. Martin, John Green.

“Hollywoodyň” eserlerinden iň köp peýdalanýan ýazyjylary bolan J.K. Rowling, Spethen King we George R. R. Martinden soň sanawa täze ýazyjylar goşulypdyr. “Hollywood Reporter” žurnalynyň çap eden täze “Hollywoodyň iň güýçli ýazyjylary” sanawynda, üç sany täze ýazyjy EL James, Paula Hawkins we Patrick Ness dagy bar.

Žurnalyň “Iň güýçli 25 ýazyjy” sanawyna “Harry Potter” köp bölümli kinofilmleriň ssenariýasynyň awtory Rowling öňbaşçylyk edýär. “Hollywood” firmasynyň iň köp ýüz tutýan ýazyjylarynyň arasynda bolsa Stephen King ýokary orun alýar. Onuň eseri esasynda surata düşürilen we fewral möwsüminde tomaşaçylara hödürlenen köp bölümli “Tümlükdäki gala” atly kino diýseň ýörgünli bolupdyr.

E. L. Jamesiň azerbaýjan dilinde çykan kitabynyň daşky keşbi

E. L. Jamesiň azerbaýjan dilinde çykan kitabynyň daşky keşbi

Sanawda üçünji orny eýeleýän James Patterson bolsa iň köp pul gazanan ýazyjydyr. Onuň 2015-nji ýylda gazanan girdejisi 95 million dollara barabar bolupdyr. Dördünji oruny eýelän George R. R. Martin köp bölümli “Tagt oýunlary” atly kinofilmdäki her bir iki sagatlyk bölümiň 100 million dollara barabar girdeýji gazanýandygyny aýdýar.

Şu ýyl meşhur sanawa goşulan täze agza bolsa “Çal reňkiň elli öwüşgini” atly eseriň awtory E. L. Jamesdir. Onuň romany esasynda surata düşürilen kinofilmiň treýlerine bir günde 114 million dollar pul berlipdir. Romanyň özi hem geçen ýyl dünýäde iň köp satylan kitaplaryň arasynda ikinji orny eýeläpdir. Şol bir wagtyň özünde ol roman esasynda surata düşürilen filmiň prodýusseri hem bolan E. L. James žurnala beren interwýusynda, kitabyň şeýle ürç edip okalmagynyň sebäbiniň içindäki erotiki taryplardygyny nygtapdyr.

XS
SM
MD
LG