Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söýünow: Türkmen gazyny Ýewropa çykarmak gepleşiklere bagly


Äatlyk, Gündogar-Günbatar geçirijisiniň açylyş dabarasy. 31-nji maý, 2010
Äatlyk, Gündogar-Günbatar geçirijisiniň açylyş dabarasy. 31-nji maý, 2010

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan duşenbe güni Bütindünýä Energiýa kongresinde eden çykyşynda TANAP proektiniň geljekde türkmen gazyny hem öz içine alyp biljekdigini aýtdy.

Ol «Mawy akym» proektiniň amala aşyrylandygyny, Baku-Tbilisi-Jeýhan geçirijisiniň gurlandygyny, häzir bolsa TANAP-yň gurulýandygyny, onuň Transadriatik gaz geçirijisi bilen birikdiriljekdigini, ýagny Hazar sebitiniň gazyny Ýewropa ýetirjekdigini nygtady.

Emma muňa garamazdan, TANAP-yň direktorlar geňeşiniň başlygy Saltuk Düzýol sişenbe güni TASS habar gullugyna transanatoliý geçirijisine türkmen gazynyň goşulmagy diňe iberilýän gazyň möçberini köpeltmek barada resmi karar kabul edileninden soň mümkin diýipdir. Şeýle-de ol Türkmenistanyň TANAP-a goşulmagynyň diňe teoretiki häsiýetlidigini belläpdir.

Şol bir wagtda synçylaryň käbiri, hususan-da Türkmenistanyň ozalky nebit-gaz ministri Nazar Söýünow resmi Aşgabadyň öz mümkinçiliklerinden wagtynda we netijeli peýdalanyp bilmeýändigini öňe sürýär.

Türkmen ekspertiniň pikirine görä, eger-de netijeli gepleşikler alnyp barylsa, ozal Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan gaz geçirijini ulanyp, Orsýete türkmen gazyny berip, şol möçberdäki rus gazyny Ýewropa aşyrmak arkaly, gaz çalyşmak arkaly gaz satyp bolardy.

Nazar Söýünowyň pikirine görä, birinji wariantda Türkmenistan Orsýete gaz berýär, Orsýet bolsa şol möçberdäki gazy türk akymy arkaly Ýewropa iberýär, şeýle-de Orsýet bu gazy Ýewropada haýsy bahadan ýerlese, alan türkmen gazyna hem şol ýagdaýda pul töleýär, Türkiýe, Azerbaýjan we Orsýet öz territoriýalaryndan gaz geçirmek barada gepleşýär.

Eksport türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň ikinji mümkin ýoluny Eýrana çekilen geçirijide görýär.

«1979-njy ýylda Eýranda häkimiýet başynda Homeýni gelende, ol Töwriziň üstünden Azerbaýjana iberilýän gazy kesdi. Şu sebäpli biz Körpejeden Eýrana 140 km uzynlykda geçiriji gurduk. Bu geçiriji Eýrandan Azerbaýjana we Ermenistana gelýän geçirijä birikmelidi. Hazaryň durumy kesgitlenmänsoň, biz bu geçirijini ulanyp, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Türkiýäniň üstünden gaz ibermek üçin ulanyp bilýäris» diýip, ozalky nebit-gaz ministri aýdýar.

Mundan öň türkmen gazynyň Hazar deňziniň üstünden Ýewropa aşyrylmak mümkinçiligi bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Kaspi deňzindäki dawaly ýataklary babatda ylalaşyga gelip, muňa derek türkmen gazyny azeri geçirijisiniň üsti bilen Ýewropa aşyrmak mümkinçiligi baradaky pikirler hem aýdylypdy.

Emma Nazar Söýünow bu meselede hem amatly çykalganyň bardygyny aýdýar, ýagny Orsýet, Gazagystan we Türkmenistan tarapyndan Kaspini ykdysady zonalara bölmek baradaky protokoly reanimasiýa etmeli, şonda Eýranyň Hazary deň bölüşmek talaby aradan aýrylýar diýýär.

"Bu ýerde Orsýetiň hem bähbidi bar, ýagny Hazaryň durumyny kesgitlemek meselesi hem ýerinden gozganýar we şu usulda Türkmenistan öz gazyny Ýewropa iberip biler" diýip, türkmen eksperti Söýünow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

XS
SM
MD
LG