Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Ýer protestçileri sud edilýär


12-nji oktýabrda Maks Bogaýewiň we Talgat Aýanyň sud diňlenişigi başlandy.
12-nji oktýabrda Maks Bogaýewiň we Talgat Aýanyň sud diňlenişigi başlandy.

Günbatar şäher Atyrauda Gazagystanda köpçülikleýin ýer reformasy protestlerine gatnaşanlaryň iki sanysy sud edilýär.

12-nji oktýabrda Maks Bogaýewiň we Talgat Aýanyň sud diňlenişigi başlandy, olar sosial bidüzgünçilige meçew bermekde, bilkastdan galp maglumat ýaýratmakda we bikanun ýygnanyşyk guramakda aýyplanýar.

Bogaýew, Aýan 24-nji aprelde, Atyrau şäheriniň merkezi meýdançasynda tussag edildi. Olar şol wagt hökümetiň ekerançylyk ýerlerini hususylaşdyrmak we daşary ýurtlulara kärendesine bermek barada tassyklan kararyna garşy protest geçirmäge toplanan ýüzlerçe adamyň arasyndady.

Atyraudaky protestlerden soň Gazagystanyň çar künjeginde tas iki hepdeläp köpçülikleýin protestler geçirildi. Protestçiler Gazagystandaky ekerançylyk ýerleriniňdaşary ýurtlulara eýeçilige berilmeginden alada bildirdiler.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew maý aýynda bu kanunynyň durmuşa geçirilmegini 2017-nji ýyla çenli togtatdy.

Awgustda bolsa Nazarbaýew ýerleri hususylaşdyrmak baradaky moratorini 2021-nji ýylyň dekabryna çenli uzaltdy.

Hukuk toparlary öz pikirlerini jemgyýetçilik içinde aýtmaga hukuklarynyň bardygyny aýdyp, gazak häkimiýetleriniň Bogaýewi we Aýany azat etmegine çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG