Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Angliýa rus diplomatlaryny goramaly diýýär 


 Boris Jonson

Boris Jonson

Orsýet Britaniýanyň Londondaky rus diplomatlaryny goramak borjy bolup durýar diýdi.

Moskwa bu sözleri Britaniýanyň daşary işler sekretary Boris Jonsonyň aktiwistleri Moskwanyň Siriýadaky bombalaýyş kampaniýasyna garşy protest geçirmäge çagyrmagyna jogap edip aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 12-nji oktýabrda Jonson belki-de Wena konwensiýasyndan habarlydyr diýdi.

Şeýle-de ol Angliýanyň Britaniýada diplomatiki missiýada bolan rus diplomatlarynyň goragyny üpjün etmek borjunyň bardygyny ýatlatdy.

Jonson bir gün ozal parlamente «men Orsýetiň ilçihanasynyň daş işiginde demonstrasiýalaryň bolanyny görmek islärdim» diýdi. Ol gahar-gazap guýularynyň dolup-daşandygyny we urşa garşy toparlaryň Aleppodaky konflikt barada ýeterlik gazaply pikir aýtmaýandyklaryny belledi.

Jonson tomusda wezipä geçeli bäri Ýewropada Moskwa Siriýa meselesinde basyş görkezilmegini, sanksiýa girizilmegini ündeýän esasy tankytçylaryň birine öwrüldi.

XS
SM
MD
LG