Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ilçisi ABŞ-ny gatnaşyklary körükdirmekde aýyplady


Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi Sergeý Kislýak.
Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi Sergeý Kislýak.

11-nji oktýabrda prezident Barak Obamanyň administrasiýasy Moskwanyň hereketlerine jogap edip, özüniň Orsýeti ýa onuň bähbitlerini nyşana aljak käbir zatlary planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Orsýetiň ilçisi Sergeý Kislýak Waşigntonyň Jon Hopkins uniwersitetinde eden çykyşynda Orsýetiň Moskwa Birleşen Ştatlaryň saýlawyna garyşanok diýýän beýanatlaryny gaýtalap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň peselmegine amerikanlary jogapkär etdi:

“Biz Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň bar bolan problemalary çözmekde birek-birege kömek edip, ondan peýdalanmagynyň deregine bular ýaly bet niýetli çekişmelere çekilýändigimize gaty gynanýarys. Meniň pikirimçe, biz köp pursatlary elden berýäris. Men bir zady nygtamakçy, muny başlan we muny körükdirýän biz däl. Ýöne netije, ine, gelen ýerimiz”.

“Kanuny hökümetden rugsat soraman...”

Diplomat Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň Siriýadaky harby güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy täzeden dikeltmäge çagyryp, iki tarapyň-da maksady “Al-Kaýda” we “Yslam döwleti” ýaly terroristik toparlary ýeňlişe sezewar etmek diýdi.

Rus diplomaty Orsýetiň harby güýçleriniň Siriýada bolmagy kanuny, ol ýakyn ýaran bolan Siriýa režimi tarapyndan ýurda çagyrylyp getirildi diýdi:

“Biz ol ýerde doly kanuny esasda bolýarys. Beýleki käbir ýurtlar ýaly kanuny hökümetden rugsat soraman, uçar ýa gury ýer goşunyny iberemzok”.

Atyşyklary bes etmek boýunça Moskwa bilen Waşington arasynda gürleşilip gelnen ylalaşyk geçen aý bozulyp, Orsýet bilen Siriýa güýçleriniň Aleppo şäherine hüjüme geçmegine ýol açyldy. Bu şäheriň bir bölegi şindi-de oppozision güýçleriň, şeýle hem terroristler diýlip tanalýan toparlaryň elinde.

Ylalaşygyň çökmegi Waşingtonyň Siriýa konfliktini çözmek boýunça Moskwa bilen alyp barýan gepleşiklerini togtatmagyna getirdi.

Goşun we beýleki söweş enjamlarynyň ýerleşdirmegi

Kislýak Waşingtony iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygy artdyrmakda aýyplap, “Magnitskiý akty” diýilýän kanuna salgylandy. 2012-nji ýylda girizilen bu kanun boýunça adam hukuklaryny bozmak we maliýe aldawçylygy diýilýän sebäpli Orsýetiň ýigrimä golaý döwlet işgäriniň garşysyna sanksiýa girizildi.

Kislýak şeýle hem Waşingtonyň Ukrainada Orsýetiň tarapyny çalýan prezidentiň ýurtdan gaçmagyna getiren protestleriň dowamynda eden we ondan soňraky hereketlerine salgylandy.

Ol şeýle hem NATO-nyň 1990-njy ýyllarda öňki sowet blogyna degişli ýurtlara giňemeginden we häzirki wagtda hem onuň Polşa, şeýle hem Baltika döwletleri ýaly ýerlerde goşun we beýleki söweş enjamlaryny ýerleşdirmeginden zeýrendi.

“NATO öz agzalarynyň ýaranlygy, beýlekileriň ýaranlygy däl. Bu – biziň serhetlerimize çenli ýetirilen täze bölünişik liniýasy. Biziň gatnaşyklarymyzda juda çynlakaý problema bolup durýan zat. Munuň uzak wagtlap ýaramaz netijeleriniň bolmagy gaty ähtimal” diýip, Kislýak atdy.

Ol Waşingtonda syýasy töwereklerde Sowuk uruş soňlaly bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň munça çylşyrymlaşan mahaly ýok diýilýäni bilen özüniň ylalaşýandygyny bildirip, aýratyn-da siziň ýaragly güýçleriňiziň we NATO-nyň ýaragly güýçleriniň biziň serhetlerimizde ýerleşdirilmegi töwekgelçilikli hereket diýdi.

XS
SM
MD
LG