Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birnäçe aýal Trampyň özlerini seksual taýdan kemsidendigini öňe sürýär


ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň kandidaty Donald Tramp.
ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň kandidaty Donald Tramp.

Birnäçe aýal metbugat bilen söhbetdeşlikde Donald Trampyň özlerini seksual taýdan kemsidendigini öňe sürdi. ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň kandidaty bu aýyplamalary ret etdi.

“The New York Times” neşiri özüniň 12-nji oktýabrda çap eden maglumatynda nýu-ýorkly Jessika Lidse (Jessica Leeds) salgylanyp, mundan 30 ýyl gowrak öň Trampyň özi bilen uçarda uçýan zenanyň göwsüni elläp, elini eteginiň aşagyna sokmaga synanyşandygyny ýazýar.

Ohioly başga bir zenan Raşel Kruks (Rachel Crooks) agzalýan neşire beren interwýusynda 2005-nji ýylda “Trump Towers” binasynda Trampyň zor bilen özüni dodagyndan ogşandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Floridanyň “The Palm Beach Post” neşiri Mindi Makgilliwreýe (Mindy McGillivray) salgylanyp, mundan 13 ýyl ozal Trampyň “Mar-a-Lago” köşgünde zenany ogşajak bolandygyny ýazýar.

Trampyň prezidentlik kampaniýasy gürrüňi edilýän bu wakalaryň hiç biriniň “dogrulyk paýynyň” ýokdugyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG