Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýemende ilkinji zarbalaryna başlady


ABŞ-nyň harby gämileri.
ABŞ-nyň harby gämileri.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri ýurduň harbylary Eýranyň ýarany Huti güýçleri tarapyndan kontrollyk edilýän Ýemende radarly sebitleri hatardan çykarmak üçin ganatly raketalary atyp başladylar diýdi. Bu waka şu hepde Birleşen Ştatlaryň deňiz güýçlerine edilen şowsuz raketa hüjüminiň yzýanyna gabat geldi.

Prezident Barak Obama tarapyndan ygtyýar berlip, 13-nji oktýabrda amala aşyrylan zarbalar Waşingtonyň Ýemeniň raýat urşunda Huti nyşanalaryna garşy edýän ilkinji gös-göni harby hereketleridir.

Pentagon zarbalaryň goranyş maksatlydygyny nygtap, olaryň şu hepde ABŞ-nyň deňiz güýçlerine garşy üç raketa hüjüminiň amala aşmagyna mümkinçilik döreden radarlary ýok etmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Huti pitneçileri özleriniň uruş gämilerini nyşana alandygy baradaky maglumatlary ret edýärler.

XS
SM
MD
LG