Sepleriň elýeterliligi

Gazak žurnalisti: Sud diňlenişigine gatnaşdyrmadylar


Tanymal gazak žurnalisti Lukpan Ahmedýarow.

Tanymal gazak žurnalisti Lukpan Ahmedýarow.

Tanymal gazak žurnalisti özüniň ýurtdaky ýokary derejeli sud diňlenişigine gatnaşyp bilmändigini, sebäbi resmileriň özüni köne sud işi bilen baglanyşykly çagyrandygyny aýtdy.

“Uralskaya nedelya” gazetiniň habarçysy Lukpan Ahmedýarow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 12-nji oktýabrda özüniň Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäheriniň suduna çagyrylandygyny gürrüň berdi.

Ahmedýarow özüniň 2012-nji ýyldaky töhmet dawasy bilen ilteşikli öňki regional resmä tölenmeli pul jerimesi bilen baglanyşykly sud zalyna çagyrylandygyny aýdýar.

Ol: “Resmiler bu meseläni şu wagt, ýagny men ýurduň günbataryndaky Atyrau şäherine gitjek bolanymda gozgadylar” diýýär.

Ahmedýarow 12-nji oktýabrda Atyrau şäherinde, şu ýylyň aprel aýynda hökümetiň oba-hojalyk ýerlerini hususylaşdyrmak baradaky planlaryna garşy protest geçiren iki aktiwistiň sud diňlenişigine gatnaşmagy planlaşdyrýardy.

XS
SM
MD
LG