Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Terrorçylykda şübhelenilýän siriýaly türmede öldi


Jaber al-Bakr.
Jaber al-Bakr.

Germaniýanyň hökümeti ýurtda bomba hüjümini amala aşyrmagy planlaşdyrmakda şübhelenilýän siriýaly bosgunyň türme kamerasyndaky ölüminiň derhal derňelmegini talap etdi.

Jaber al-Bakryň 12-nji oktýabrda Leipzig şäherindäki türmede öz köýnegi bilen özüni öldürendigi habar berilýär.

Germaniýanyň içeri işler ministri Tomas de Maiziere bu wakanyň “tizden-tiz we hemmetaraplaýyn derňelmegini” talap etdi.

Bakryň aklawçysy onuň ölümini sud skandaly diýip häsiýetlendirip, türme Bakryň öz janyna kast etmek töwekgelçiliginden habarlydy diýdi.

Bakr 2015-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýa gelipdi. Şondan soň oňa Germaniýada başpena berlipdi.

XS
SM
MD
LG