Sepleriň elýeterliligi

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň yglan edilmegine garaşylýar


2015-njy ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi Swetlana Aleksiewiç.

2015-njy ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi Swetlana Aleksiewiç.

13-nji oktýabrda Şwesiýanyň Akademiýasynyň 2016-njy ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisini yglan etmegine garaşylýar.

Abraýly baýraga dalaşgär edip hödürlenen ýazyjylaryň arasynda kenýaly Ngugi wa Thiong'o, Siriýada doglan Adonis, ýaponiýaly Haruki Murakami, şeýle-de amerikaly ýazyjylar Don DeLillo, Joyce Carol Oates we Philip Roth dagy bar.

Geçen ýyl bu baýrak belarusly ýazyjy Swetlana Aleksiewiçe berlipdi.

Şu ýylyň Medisina, Fizika, Himiýa, Parahatçylyk we Ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklarynyň ýeňijileri eýýäm yglan edildi.

Nobel baýragynyň ýeňijilerine jemi 8 million şwed krony ($930,000) möçberinde pul sowgady hem berilýär.

XS
SM
MD
LG