Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen daýhançylygynyň "amatly" amatsyzlyklary


Türkmen daýhany
Türkmen daýhany

Türkmenistanyň prezidenti çarşenbe güni, 12-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze gurlan «Bereketli zaman» şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyp, täze jaý alan kärendeçileriň biriniň iş, gazanç etmek mümkinçilikleri bilen hem gyzyklandy.

Türkmen telewideniýesi prezident bilen kärendeçiniň arasynda bolan söhbetdeşlikden bir bölegi halka görkezdi we ol ýerde kärendeçi prezidente 20 gektar ýere eken bugdaýyndan, tutuş maşgala bolup işläp, arassa15 müň manat alandygyny gürrüň berdi.

Mundanam başga, telewideniýede görkezilýän kärendeçi, tutuş maşgala bolup alýandygyny aýdýan arassa girdejisiniň öz aýdýan sözlerini tassyklamaýandygyna garamazdan,daýhançylyk etmegiň örän amatly bolandygyny ynandyrmaga çalyşdy.

Türkmen telewideniýesi prezident bilen duşuşan kärendeçi maşgala salgylanyp, olaryň eliniň uzadan ýerine ýetýändigini, kärendeçi maşgalanyň ýer işläp bejerýän traktorynyň, ýeňil maşynynyň, indi bolsa, ähli amatlyklary bolan kaşaň jaýynyň bardygyny tassyklaýar.

Täze açylan «Bereketli zaman» obasynda 400 hojalyga niýetlenen 3, 4 we 5 otagly jaýlar gurlupdyr, jaýlaryň bahalary otag sanyna laýyklykda 100 müň dollardan ýokardan başlanýar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär. Resmi habarda aýdylmagyna görä, kärendeçi daýhanlaryň şeýle jaýlary satyn alyp bilmegi olaryň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanýandygyny tassyklaýar.

Daýhanyň 'maşgala eklemegi kynlaşýar'

Emma muňa garamazdan, Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan kärendeçilerdöwlet telewideniýesinde çekilýän kartinadan düýpgöter başga ýagdaýy gürrüň berýärler. Olaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda kärendeçilik, döwletiň tabşyrygy esasynda bugdaý, pagta ýetişdirip, ýeterlik girdeji almak we maşgala eklemek barha kynlaşýar.

Daýhanlar ozaly ýeriň köplenç 1, 2 we 3 gektar möçberinde, juda az berilýändigini aýdýarlar. 20 gektar kärende ýeri bolan, şol bir wagtda ekin işläp bejerýän traktorly daýhanlaryň bolsa azdygy aýdylýar. Suw, tehnika, dökün kynçylyklaryna uçrap, juda ujypsyz girdeji alýan daýhanlaryň hem az däldigi habar berilýär.

Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndan özüni Gylyç diýip tanadan kärendeçi Azatlyk radiosyna özleri üçin dökün meselesiniň uly problema bolup durýandygyny, şu sebäpden ne gowaçadan, ne-de bugdaýdan ýeterlik hasyl alyp bolýandygyny aýtdy.

Kärendeçileriň pagta ekende biraz girdeji alyp, bugdaý ekende boş çykýan ýyllarynyň hem bardygy aýdylýar. Sebäbi ýurduň ekerançylyk ýerlerinde uly şorlama problemasy bar we bu ýagdaý prezident derejesinde hem tassyk edilýär.

Şeýle-de, ekerançylyk ýerlerine ýuwuş suwuny tutmak, ýeri suwdan gandyrmak, ekini wagtynda suwarmak meselesinde hementek çözülmeli meseleleriň az däldigi habar berilýär.

"Daýhan hojalygyny döretmek" basyşy

Soňky gelip gowuşýan maglumatlara görä, indi Türkmenistanda 6-7 gektar ýerli daýhanlara «daýhan hojalygyny» döretmek teklipleri bilen basyş edilýär. «Daýhan hojalygy» diýilýän döredilende bolsa, kärende ýeriniň 20 gektardan az bolmaly däldigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan 7 gektar ýerli daýhan, «daýhan hojalygyny» gurmak üçin özüniň 1-2 ýa 3 gektar ýerli kärendeçileri, ýagny 13 gektar ýeri özüne birikdirmelidigini aýdýar. Ýöne ol bu ýagdaýda kredit alyp, traktor edinmeli, ýangyn söndürijilere, sanitariýa-epidemologiýa stansiýasyna töleg tölemeli.

Mundan öň kärendeçiler suw, tehnika, dökünler, bank we adminstrasiýa üçin tutumlary töleýärdiler. Daýhan hojalygyny döretmek baradaky basyşa sezewar edilýän kärendeçi barha artdyrylýan tölegler bilen bir wagtda az ýerli kärendeçilere «çörek puly» bermegiň kyn boljakdygyny aýdýar.

Mundanam başga, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan raýatlar ýurtda bir, ýarym gektar ýerli kärendeçileriň, ýa-da ýer ýetmeýän oba adamlarynyň hem bardygyny, şol bir wagtda döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmazlygy, tutumlaryň bolsa köpelmegi zerarly, ýerlerini taşlaýan kärendeçileriň hem bardygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG