Sepleriň elýeterliligi

Edebiýat boýunça Nobel baýragy Bob Dilana berildi


Bob Dilan

Bob Dilan

2016-njy ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyny amerikaly lirik , bagşy hem sazanda Bob Dilan gazandy.

Şwesiýanyň Akademiýasy bu habary 13-nji oktýabrda bildirip, onuň bu abraýly baýraga mynasyp bolmagyny "amerikan aýdymlarynyň uly däbinde täze şahyrana beýan ediş usulyny döredendigi" üçin diýip esaslandyrdy.

1941-nji ýylda doglan, hakyky ady Robert Allen Tsimmerman bolan 75 ýaşly Bob Dilan aýdym-saz karýerasyna 1959-njy ýylda başlady.

Onuň: "Blowin' in the Wind" ýaly aýdymlary Birleşen Ştatlarda urşa garşy we graždan hukuklary ugrudanky hereketleriň gimnine öwrüldi.

Öten ýyl edebiýat boýunça Nobel baýragy, eserleri 20-nji asyryň tutuş dowamynda Belarusa täsir eden tragediýalary öz içine alýar diýlip, belarus ýazyjysy Swetlana Aleksiewiçe berlipdi.

Üstümizdäk ýylyň medisina, fizika, himiýa, parahatçylyk we ykdysadyýet boýunça Nobel baýrakylaryny kimleriň gazanandygy eýýäm yglan edildi.

Ykdysadyýetden daşgary 8 million şwet krony (930 müň amerikan dollary) bolan baýraklar şwesiýaly senagatçy Alfred Nobeliň islegi boýunça ilkinji gezek 1901-nji ýylda berildi.

XS
SM
MD
LG