Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da halal azyk söwdasy $20 milliarda barabar


Halal azyk önümi
Halal azyk önümi

ABŞ-da azyk senagatynyň ähli ugurlarynda “halal azyk önümleri” o diýen uly aýlanşyga eýe dälem bolsa, diýseň çalt depginli hem ýaýrawly ýagdaýa eýedir.

Kämahal azyk önümleriniň ýörgünligi hem syýasy ýörgünlilige görä bolýar. Meselem, ABŞ-yň faşistik Germaniýa bilen uruşýan mahalynda Amerikada diýseň ýörgünli bolan “Sauerkraut” atly turşadylan ak kelemiň ady üýtgedilip, “Azatlyk kelemi” diýlipdir. Fransuzlar bilen aragatnaşyk bozulanda bolsa “franç-fraýz” atly uzynlygyna dilimlenip gowrulan kartoşkanyň ady “Azatlyk gowurmasy” görnüşinde üýtgedilipdir.

Käýarym bolsa haýsydyr bir gaty geň hadysalar ýüze çykýar. ABŞ-da respublikaçylardan prezidentlige dalaşgär Donald Trampyň özüni alyp barşy sebäpli bu saparky prezident saýlawlarynda, Amerikadaky musulmanlar gaty ynjalyksyzlanýarlar. Ýöne munuň has geň tarapy, şeýle dartgynly syýasy şertlerde yslam kada-kanunlaryna görä taýýarlanýan halal azyk önümlerine bolan talabyň ýokarlanmagydyr. Indi ol azyk önümlerini diňe bir musulman ilat däl, galyberse-de 1980-nji we 2000-nji ýyllaryň arasynda dünýä inen ýaş nesil hem uly höwes bilen satyn alýar. Munyň bilen baglanşykly “Bloomberg.com” atly internet sahypasy giňişleýin maglumat beripdir.

Etniki tagamlar tiz ýaýbaňlanýar

Şahed Amanullahyň aýtmagyna görä, 1998-nji ýylda halal azyk önümlerini satýan jemi 200 sany ýer tapsa bolýar ekeni. Ol şol ýyl amerikalylara halal azyk önümlerini tapmaga kömek etmek üçin, bir hususy internet sahypasyny döredipdir. Häzirki döwürde 7 müň 600 sany halal iýmitleri hödürleýän ýer bar. Onuň aýdyşyna görä, hatda musulmanlary ýigrenýänler hem halal iýmiti ulanmaga başlapdyrlar. “Nahar - medeni aragatnaşyga diýseň täsirli kömek edýär” diýip, Amanullah nygtaýar.

Amerikanyň naharlanma adatynda köpsanly naharlar dürli ýagdaýlary başdan geçiripdirler.

Owal başda etniki nahar hasaplanan tagamlar soň köpçülik tarapyndan ýörgünli ýagdaýa eýe bolupdyr. Mundan ençeme ýyl owal italýan naharlary we halal iýmitlere ýakyn bolan ýewreý (ýehudy) iýmitleri hem birmeňzeş tapgyrlary başdan geçiripdirler. Durrani we Amanullah, owallar halal iýmitler tapylmansoň, ene-atalary olara ýewreý naharlaryny iýdiripdirler.

Amerikada azyk senagatynyň ähli ugurlarynda “halal azyk önümleri” o diýen uly aýlanşyga eýe dälem bolsa, diýseň çalt depginli ýaýrawly ýagdaýa eýedir.

Ýüzden 15 göterim ösüş

Awgust aýyna çenli geçen 12 aýlyk möhletiň dowamynda halal azyk önümleri bilen meşgullanýan dükanlaryň, kiçi marketleriň we şuňa meňzeş söwda-satuw ýerleriň pul aýlanşygynyň möçberiniň 1,9 milliard dollara baryp ýetendigi anyklanypdyr. Bu ýagdaý 2012-nji ýyldan bäri hasaba alnanda, ýüzden 15 göterim ösüşi görkezýär.

Amerikanyň yslamy azyk geňeşiniň bildirmegine görä, bu ýyl restoranlarda we supermarketlerde halal söwdanyň bahasynyň 20 milliard dollara baryp ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa 2010-njy ýyla garalanda ýüzden 33 göterim ösüşi görkezýändir. Amerikanyň yslamy azyk geňeşi iýmiti tassyklaýan we bu ugurda ýörite goldanma maglumat taýýarlaýan bir gramadyr.

Bu pudagyň öňbaşçylaryndan bolan meşhur “Whole Foods Market Inc” firmasy halal iýmit satuwynyň iň çalt depginde ösýän ugry hasaplaýar. 2011-nji ýyldan bäri her ýyl “Whole Foods-da” halal iýmitiň satuwynyň goşa sanly artyşa eýe bolandygy hasabata alnypdyr.

Musulmanlar ýewreýleri ozup geçer

“Whole Foods” ilkinji gezek oraza kampaniýasyny gurnan mahaly, köp adam ony beýleki baýramlarda şeýle çäreler görmeýändigi üçin berk ýazgarypdyr. Firmanyň global iýmit baradaky gurmaçy ýolbaşçysy Rick Findlaýyň bellemegine görä, näme bolsa-da firma yza ädim ätmändir. “Adamlar ‘Whole Foods’ firmasyna moda oýlap tapýan höküminde garaýarlar. Biz açyşlar bilen öňe ilerlemekden we töwekgellik barada söz açmakdan diýseň hoşaldyrys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

Geçen ýyl ABŞ-da 3,3 million musulman hasaba alnypdyr. Ýöne bu sanyň 2050-nji ýyla çenli 8,1 milliona baryp ýetjekdigi öňe sürülýär. “Pew” atly barlag merkezi, takmynan 2033-nji ýyla çenli musulmanlaryň san taýdan ýewreýleri ozup geçip, ýurtda haçparaz bolmadyklardan soňraky iň uly topara öwrüljekdigini mälim edipdir.

“American Halal Co” firmasynyň ýerine ýetiriji baş müdiri Adnan Durran “Saffron Road” brendiniň alyjylarynyň ýüzden 80 göteriminiň yslamyň kada-kanunlaryny berjaý etjegem bolmaýandyklaryny aýdypdyr. Olar has köp gabat gelen ýagdaýda doňdurylan iýmitlere ýykgyn edýän adamlardyr. Ol brend “Whole Foods” firmasyna goşulmak bilen onuň köp sanly şahamçasynda tutuş ýurtdaky aýlanyşygy hasaba alanyňda, jemi 12 müň sany satylýar.

“Halal oglanlar”

Indoneziýa we Saud Arabystany ýaly uly musulman ýurtlarynyň azyk önümleri bazarynda örän möhüm orun eýeleýän “Mondelez International Inc” firmasy ABŞ-nyň bazaryna gaty çäkli möçberde haryt hödürleýär. Dünýäniň iň uly azyk önümleri firmasy bolan “Nestle” toparynyň hem 151 sany halal iýmit önümçilik desgasy bardyr. Malaýziýadan Pakistana çenli köpsanly ýurtda ýerleşýän ol önümçilik desgalary bütin dünýäde “Halal” şahadatnamasyny alan ýüzlerçe önüm satýar.

“Halal Guys” Nýu-Ýorkda halal etli naharlar satýan göçme dükandyr (Amerikada ‘food truck’ diýip atlandyrylýan ýük ulagyndan ýasalan göçme restoranlar diýseň meşhurdyr). Olaryň taýýarlaýan naharlary hem gaty geçginli satylýar. Olar birnäçe ýylyň dowamynda tutuş ýurtda 300 sany göçme restorany hyzmata girizmegi göz öňünde tutýarlar.

Kolumbiýadan gelen 30 ýaşyndaky Alejandro Nowanyň aýtmagyna görä, Nýu-Ýorka gelip, ol ýerdäki tagamlardan datman gitmek bolmaz.

Adaty anna güni günortan nahary wagtynda “Halal Guys” firmasynyň göçme restoranynyň öňünde ofis işgärleri bilen turistlerden emele gelen azyndan 20 adamlyk köpçüligiň nobata durandygyny görmek mümkindir.

XS
SM
MD
LG