Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň meşhur kitap dükanynda öýsüz ýazyjylar mugt ýaşap biler


“Shakespeare and Company” atly kitap dükanynyň girelgesi.
“Shakespeare and Company” atly kitap dükanynyň girelgesi.

“Shakespeare and Company”, Parižiň çep kenar ýakasynda ýerleşýän kiçijik bir kitap dükanydyr. Ol ýere ynam bilen dünýäniň iň meşhur kitap dükany diýip atlandyrmak bolar.

Ol kitap dükany “James Joyce” atly ýazyjynyň başga hiç kimiň gyzyklanma bildirmedik “Ulysses” atly eserini çap etdirmek üçin, şertnama baglanşypdyr. Ol ýer döwrüniň beýik ýazyjylary Ernest Hemingwaý we F. Scott Fitzgerald, Jack Kerouac, Allen Ginsberg, Lawrence Durrel we Anais Nin dagy üçin resmi bolmaýan ýaşaýyş ýerine öwrülipdir.

Parižiň 37-nji köçesinde ýerleşýän kitap dükanynyň eýeleri 1919-njy ýylda döredilen we owal şäheriň başga ýerlerinde ornaşan dükanyň taryhy hakda 400 sahypalyk suratly ýatlama kitaby taýýarlapdyrlar. Ol kitap dükanyny amerikaly neşirýatçy we kitaphanaçy Sylvia Beach açanam bolsa, soňra ol dünýäden ötensoň dükany George Whitman öz üstüne alypdyr.

“Shakespeare and Company” kitap dükanynyň bosagasyndaky şygar
“Shakespeare and Company” kitap dükanynyň bosagasyndaky şygar

Dükanyň eýesi amerikaly George Whitman 2011-nji ýyla, ýagny tä 98 ýaşyna barýança onuň üstündäki kiçijik jaýda ýaşapdyr. Şonuň üçin “Shakespeare and Company” diýseň çuňňur mana eýe bolup, köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Ol kitap dükanyny “Myhmanlaryň gije ýazyp, mugt şerap içip biljek “sosial utopiýa ýeri” diýip atlandyrypdyr. Whirtman şeýle diýipdir: “Men bu kitap öýüni roman ýazan bir adam ýaly döretdim. Onuň her bir otagy romanyň bir bölümidir. Dükanymyň gapysyny adamlara açmak meni diýseň bagtyýar edýär. Şeýlelikde, men olara şol bir wagtyň özünde kitabyň syrly äleminiň gapysyny açýaryn”.

George Ikinji jahan urşy mahalynda özhoşuna Pariže gaýdypdyr we ol ýerde Sorbonne uniwersitetinde okamaga başlapdyr. Ondan soň hem hiç wagt Pariži terk etmändir. Uniwersitetde okan ýyllarynda, ol gaty köp kitap alypdyr we şeýlelikde ahyrynda kitap dükanyny açmagy ýüregine düwüpdir. George 1950-nji ýylda, öz gündeligine şeýle ýazypdyr: “Ahrynda dünýäniň geňliklerine we gözelliklerine tomaşa edip biljek bir ýeri tapyp bilmegi umyt edýärin”.

“Shakespeare and Company” atly kitap dükanynyň eýesi George Whitman 1951-nji ýylda
“Shakespeare and Company” atly kitap dükanynyň eýesi George Whitman 1951-nji ýylda

Ol kitap dükany ençeme ýyllap, nesiller boýy öýsüz ýazyjylaryň baryp sygynýan ýerine öwrülipdir. Dükanyň eýesi George şeýle adamlary ýele sowrulan güllere meňzedipdir we dükana sygynan her bir adamyň öňünde ýörite şertler keserdip goýupdyr. Ol ýerde ýaşajak ýazyjy her gün hökman iki sagat eser ýazaýmaly we her gün haýsam bolsa bir kitapdan bir bölek okamaly. Şeýle şerti kabul edenler kitap dükanynyň ýokarsyndaky jaýda arkaýyn ýaşapdyr. Ol ýerdäki düşeklerde ýatyp, golaýdaky umumy hammamdan hem peýdalanypdyr.

George şeýle diýipdir: “Kitap dükanynda işleýänler ol ýere gelýänlere diýseň sypaýçylykly çemeleşmelidir. Çünki kitap okaýan bir adam ‘göze ilmeýän’ perişde bolup biler”.

XS
SM
MD
LG