Sepleriň elýeterliligi

Putin Siriýada Howa güýçlerini ýerleşdirmek ylalaşygyny tassyklady


Siriýadaky rus pilotlary, 16-njy mart, 2016.

Siriýadaky rus pilotlary, 16-njy mart, 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Damask bilen Orsýetiň harby-howa güýçleriniň çäklendirilmedik toparyny kenarýaka şäher Latakiýanyň golaýynda ýerleşdirmek baradaky ylalaşygy tassyklady.

Bu ylalaşyga Damaskda, 2015-nji ýylyň awgustynda, Orsýet Siriýanyň pitneçi güýçlerine garşy howa zarbalaryny urup başlamazynyň öň ýanynda gol çekilipdi.

Bu ylalaşyk Orsýetiň harby uçarlarynyň we awiasiýa ekipažlarynyň, Damaskdaky hökümetiň talaby esasynda, Siriýanyň Hmeimim howa meýdanynda ýerleşdirilmegine ýol açýardy.

Şeýle-de bu ylalaşyk Hmeimim uçar meýdanynda ýerleşdirilen rus pilotlaryna we olaryň maşgala agzalaryna diplomatik eldegrilmesizlik hukugyny berýär.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Tartus portundaky rus harby deňiz stansiýasyny hemişelik esaslara geçirmek ugrunda iş alyp barýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG