Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti resmilere duýduryş we käýinç berdi


Türkmen TW-siniň alypbaryjysy

Türkmen TW-siniň alypbaryjysy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda «wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurduň ýokary okuw mekdeplerindäki okuwyň hiline gözegçiligi gowşadanlygy üçin» diýip, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewe duýduryş berdi.

Türkmen telewideniýesiniň habaryna görä, prezident «tele-radio ýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadyp, berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin" wise-premýer Gülşat Mämmedowa käýinç berdi.

«Garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadanlygy üçin» diýlip, Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýewe hem käýinç berildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy Şirgeldi Işangulyýewe hem, «telewizion gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berenligi üçin» diýlip,berk käýinç berildi.

XS
SM
MD
LG