Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa-türk serhedinde 17 adam öldürildi 


Siriýa, Bab al-Salama serhet geçelgesi
Siriýa, Bab al-Salama serhet geçelgesi

Türk-siriýa serhediniň Bab al Salama geçelgesinde ýarylan ulag bombasy azyndan 17 adamy, esasan siriýaly pitneçi söweşijileri öldürdi diýip, şaýatlar we Siriýanyň Londondaky Adam hukuklary guramasy aýdýar.

Bu partlama 13-nji oktýabr güni giçlik, Azat Siriýa goşunynyň barlag nokadynyň golaýynda boldy. Ýaraly bolan 25 adamyň sekizisiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar we olar serhet ýakasyndaky türk hassahanalaryna alnyp gaýdyldy.

Bu serhet geçelgesi Azaza, Türkiýe tarapyndan goldanylýan we günbatar tarapyndan aram siriýa söweşijileri diýilýän, «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy uruşda uly operasiýalara gatnaşýan gozgalaňçylaryň mesgeniniň golaýynda ýerleşýär.

YD jeňçisi bir hepde ozal demirgazyk-günbatar Siriýa bilen Türkiýäniň arasyndaky Atmeh serhet geçelgesinde özüni partladyp, azyndan 25 adamy öldüripdi.

Şonda nyşana alnanlar hem esasan Türkiýe tarapyndan goldanylýan we Ankaranyň «Ýefrat galkany» kampaniýasynda YD-ny demirgazyk Siriýadan çykarmaga çalyşýan söweşijiler bolupdy.

XS
SM
MD
LG