Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Baş sekretarlygyna Antonio Guterriş saýlandy


Antonio Guterriş

Antonio Guterriş

Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy Antonio Guterrişi BMG-niň Baş sekretarlygyna saýlady.

BMG-niň 193 sany agza döwleti Portugaliýanyň ozalky premýer-ministrini 13-nji oktýabrda, aklamasiýa arkaly, Baş sekretarlyga seçdi.

67 ýaşyndaky Guterriş bu wezipede iki möhlet işlän günorta koreýaly Ban Ki-munyň ýerine geçer we 1-nji ýanwardan bäş ýyllyk wezipesine girişer.

Guterriş global krizislere garşy durmak üçin «birleşdiriji, araçy, köpri gurujy we adalatly dellal» bolup işlemegi wada berdi.

BMG-niň iň wajyp krizisi bolan Siriýa barada söz açyp, «her hili bölünişik bolan hem bolsa, indi birleşmek möhüm» diýip, Guterriş Baş sekretarlyga saýlananyndan soň aýtdy.

XS
SM
MD
LG