Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew öz ýurdunyň Gürjüstanyň bütewiligini goldaýandygyny aýtdy


Prezident A.Atambaýew 13-nji oktýabrda Gürjüstanyň prezidenti G.Margwelaşwili bilen gepleşik geçirdi.

Prezident A.Atambaýew 13-nji oktýabrda Gürjüstanyň prezidenti G.Margwelaşwili bilen gepleşik geçirdi.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Tbilisä sapary mahalynda özýurdunyň Gürjüstanyň toprak bütewiligini goldaýandygyny aýtdy.

Atambaýew 13-nji oktýabrda Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili bilen gepleşikler mahalynda islendik dawanyň harby gapma-garşylyk bilen däl-de, gepleşikler arkaly çözülmelidigini aýtdy.

Orsýet 2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstan bilen bolan gysga uruşdan soň Gürjüstanyň bölüniji regionlary bolan Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etdi.

Moskwa şondan bäri iki separatist regionda öz harbylaryny saklaýar.

Atambaýewiň Tbilisä iki günlük sapary 12-nji oktýabrda başlandy. Margwelaşwili bu sapary «taryhy» diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG