Sepleriň elýeterliligi

Yrakda Mosuly yzyna almak operasiýasy başlanar


Yragyň howpsuzlyk güýçleri Kerkukda, 12-nji oktýabr, 2016

Yragyň howpsuzlyk güýçleri Kerkukda, 12-nji oktýabr, 2016

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki Anadolu habar gullugy demirgazyk Yrakda Mosul şäherini «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna almak operasiýasynyň, eger-de ol ýerde adatdan daşary bir ýagdaý bolmasa, birki gün içinde başlanjakdygyny aýdýar.

14-nji oktýabrdaky habar yrak çeşmelerine, şol sanda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşiklere gatnaşan resmilere salgylanýar.

Aýdylmagyna görä, planlaşdyrylýan operasiýa demirgazyk Yrakdaky Başiga lagerinde türk harbylary tarapyndan tälim berlen sünni musulman güýçleri hem gatnaşar.

XS
SM
MD
LG