Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda bolan ýol hadysasynda iki owgan diplomaty öldi


 Mary
Mary

Owganystanyň Daşary işler ministrligi goňşy Türkmenistanda çarşenbe güni bolan ýol hadysasynda iki sany owgan diplomatynyň ýogalmagyny ministrlik üçin uly ýitgi diýip atlandyrdy.

Şafikullah Şafak we Ahmad Farsi çarşenbe güni, Mary şäherinde bolan ýol hadysasynda öldi.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, Şafak Owganystanyň Mary şäherindäki baş konsullygynyň birinji sekretary, Farsi bolsa üçünji sekretary bolup işleýän eken.

Şafak soňky 14 ýylda köp işde, şol sanda Daşary işler ministrliginde we Owganystanyň Kairdäki ilçihanasynda işläpdir. Ahmad Farsi Daşary işler ministrliginde bäş ýyl işläpdir.

Owganystanyň daşary işler ministrligi ýogalan diplomatlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi. Olaryň jesetleriniň basym ýurtlaryna getiriljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG