Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa: ÝB goşulmak tagallalary Orsýetiň bähbidine tarap agýar


Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç.
Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç.

Serbiýanyň ýolbaşçylary Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky tagallalara berilýän goldaw ýurduň gadymy ýarany bolan Orsýetiň bähbidine tarap agyp barýar diýip, duýduryş berýärler.

13-nji oktýabrda premýer-ministr Aleksandar Wuçiç soňky wagtlarda Orsýetiň bu ýurtdaky täsiriniň artandygyna garamazdan, öz hökümetiniň maksadynyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmakdygyny aýtdy.

Ol: "Bu gün ýagdaý bir ýa iki ýyl mundan ozalkysyndan bütinleý tapawutly " diýdi.

Ýagdaýyň üýtgändiginiň alamaty hökmünde üstümizdäki hepde Orsýet bilen Serbiýanyň harby howa güýçleri Belgradyň golaýynda bilelikde türgenleşik geçirdiler. Ondan öň Serbiýa özüniň Ýewropa Bileleşigine agzalyga meýillidigine garamazdan hiç haçan NATO ýaranlygyna goşulmajakdygy hakynda Orsýeti arkaýynlaşdyrdy.

Ol Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň edişi ýaly, Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Orsýetiň garşysyna ykdysady sanksiýa girizmekden hem 2014-nji ýyldan bäri boýun gaçyryp gelýär.

Serbiýa, Orsýet bilelikde harby türgenleşik geçirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:52 0:00

Kosowo sebäpli Günbatar bilen Serbiýanyň arasynda turan dawada Moskwa Serbiýanyň tarapyny çaldy . Ilatynyň esasy bölegi etnik albanlardan durýan Kosowo 2008-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etdi. Serbiýa muny ykrar edenok.

Belgrad öňki welaýaty, ýagny Kosowany bir döwlet diýip, hiç haçan ykrar etmejekdigini öwran-öwran aýtsa-da, Ýewropa Bileleşigine agzalyk üçin beren haýyşnamasynda Pristina bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmagy kabul etdi.

Wuçiç ýokarky beýanatlary Belgradda Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama bilen geçen diskusiýada etdi. Rama regionyň durnuklylygy üçin peýdaly bolar diýip, Serbiýany Kosowonyň garaşsyzlygyny ykrar etmäge çagyrdy: "Serbiýa Kosowany näçe çalt ykrar etse, hemmeler üçin gowy bolar. Iş tamamlandy. Kosowa bir döwlet, ony döwlet diýip, dünýäniň güýçli döwletleriniň aglabasy ykrar etdi. Bu halkyň öz saýlap tutany".

“Adamlaryň görýäni şu”

Wuçiç Ramanyň bu beýanatlary Ýewropa Bileleşiginiň Kosowa hökümetini ykrar etmegi üçin Serbiýa edýän basyşyny artdyrmagyna getirdi diýip, nägilelik bildirdi.

"Adamlaryň görýäni şu, adamlaryň duýýany şu" diýip, Wuçiç zeýrendi.

Wuçijň Belgradda beýanat beren mahaly Serbiýanyň orsýetçi prezidenti Tomislaw Nikoliç Moskwada sapardady. Ol "TASS" habar gullugyna beren interwýusynda Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agzalyk üçin hiç haçan Kosowany ykrar etmez diýdi.

"Agza boljak bolsaň, Kosowany ykrar diýilse, Serbiýa hiç haçan Ýewropa Bileleşigine agza bolmaz. Ýöne olar bize gulak asman deslapky şert hökmünde birsyhly şuny goýýarlar" diýip, Nikoliç aýtdy.

XS
SM
MD
LG