Sepleriň elýeterliligi

Şahyr Şiralynyň saýlan ýoly


Şiraly Nurmyrat

Şiraly Nurmyrat

Tanymal türkmen şahyry Şiraly Nurmyradow 11-nji oktýabrda Şwesiýada, 71 ýaşynda dünýäden ötdi we anna güni, 14-nji oktýabrda Stokgolmyň etegindäki musulman gonamçylygynda topraga berildi.

Şahyr Şiraly Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan dilden gadagan edilen şahyr-ýazyjylaryň «gara sanawy» diýilýäniň, belki-de, başlarynda bir ýerde durandyr.

Ýöne onuň ýurt garaşsyz bolanyndan soň ýazan goşgularynyň köpüsi Azatlyk radiosy arkaly halka ýetirildi we öz diňleýjilerini tapdy.

Azatlyk radiosy şahyr Şiralynyň saýlan ömür we döredijilik ýoly baradaky pikirlerini paýlaşmaklaryny sorap, onuň egindeşleriniň birnäçesine ýüz tutdy.

Şahyr Şiralynyň ömür ýoluna bagyşlanan ýörite gepleşigimizi diňläp, pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG