Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedow ýene bir kitap ýazdy


Prezident Berdimuhamedowyň egindeşlerine täze kitabyny sowgat berýän pursaty

Prezident Berdimuhamedowyň egindeşlerine täze kitabyny sowgat berýän pursaty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda, Ministrler kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, "ýene bir kitabyny ýazyp gutarandygyny" aýtdy.

Döwlet baştutanynyň täze eseriniň ady "Türkmenistan" diýlip atlandyrylypdyr.

"Bu eserde esasan mukaddes garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň dowamynda mähriban halkymyz tarapyndan bitirilen asyrlara barabar bolan işleri beýan etdim" diýip, prezident aýtdy.

Ministrler kabinetiniň agzalary prezidentiň täze kitabyny 21-nji oktýabrda geçiriljek giňişleýin mejlisde her bir hökümet agzasyna gowşurjakdygy baradaky sözlerini şowhunly elçarpyşma bilen garşy aldylar.

Mundanam başga, prezident wise-premýerler Toýlyýewe hem-de Mämmedowa täze kitaby jemgyýetçilige tanyşdyrmak, "garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri bütin dünýä ýetirmek" barada görkezme berdi.

Bu prezident Berdimuhamedowyň şu ýylda ýazan ýedinji kitabydyr.

Prezident ýanwarda "Paýhas çeşmesi" (nakyllar we atalar sözleri), martda "Çaý melhem we ylham", aprelde "Gadamy batly bedew" (ahal-teke atlary hakynda), maýda "Arşyň nepisligi" (türkmen halyçylyk senedi hakynda), iýulda "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly kitabynyň 8-nji tomy bilen öz okyjylaryny begendiripdi.

Ol sentýabr aýynda "Parahatçylyk sazy – dostluk-doganlyk sazy" atly kitabyny ýazyp gutarandygyny aýtdy we bu kitap Ýaşulular maslahatyna gatnaşanlara sowgat berildi.

Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geçeli bäri dürli temalardan 40 çemesi kitap çap etdirdi we ol kitaplar döwlet eýeçilgindäki metbugat arkaly giňden wagyz edilýär. Şondan ozal Berdimuhamedowyň ýazyjylyk, aýdym-saz döretmek talantlary barada köpçülige hiç zat aýan däldi.

Mälim bolşy ýaly, Berdimuhamedow soňky ýyllarda, ussat çapyksuwarlygynyň daşyndan, aýdym, saz ýazmakda hem güýç synaýar.

Berdimuhamedow prezident bolmazyndan ozal Türkmenistanda başga bir ýazyjynyň - "Şa şahyr" diýlip mahabatlandyrylýan S.Nyýazowyň adyndan çap edilen kitaplar wagyz edilerdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG