Sepleriň elýeterliligi

Twitter tilsimleri: Hakyky Gülnara Kerimowa ör turarmy?


Gülnara Kerimowa, Daşketntde Garaşsyzlyk baýramy mahalynda, 31-nji awgust, 2012

Gülnara Kerimowa, Daşketntde Garaşsyzlyk baýramy mahalynda, 31-nji awgust, 2012

Ýogalan özbek prezidenti Yslam Kerimowyň bir wagt oruntutary bolar diýlip hasap edilen gyzy Gülnara Kerimowanyň ykbaly baradaky çen-çaklar, ol iki ýyldan gowrak mundan ozal korrupsiýa skandalynyň içinde jemgyýetçilik durmuşyndan gürüm-jürüm bolaly bäri, Orta Aziýany we region boýunça synçylary gysajyndan çykaranok. Şol sebäpden üstümizdäki aýyň başlarynda bir täze Twitter hasaby awtory Kerimowanyň özi diýen çaklamany döreden twitleri çap edip ugranynda Özbegistanyň sosial mediasy, düşünip boljak ýagdaýda, lowlap asmana göterildi.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň alyp baran barlaglary @zabitaya1972-den twit edýän adamyň ýa toparyň özüni Kerimowa edip görkezmäge synanyşýandygyny ýüze çykardy. Gülnaranyň giňden tanalýan Twitter hasaby ol 2014-nji ýylda öý tussaglygyna alnan mahallary ýapyldy. Geçen aý kakasynyň jaýlanyş çäresinde göze ilmänligi we uzaga çeken dymyşlyk Kerimowanyň nirededigi hakynda dürli myş-myşlaryň ýaýramagyna getirdi.

Hökümeti tankytlaýanlar bu işde özbek howpsuzlyk gulluklaryna şübhelenseler-de, Twitter oýnunyň näme maksat bilen edilendigi belli däl. Ýöne Twitter hasabynyň peýda bolmagy Özbegistanyň premýer-ministri we wagtlaýyn prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň Kerimowyň ölüminden soňra öz güýç-gudratyny pugtalandyrmaga synanyşýan mahalyna gabat gelýär.

Mirziýaýewiň, aýdylyşyna görä, 2014-nji ýylda öý tussaglygyna alnan Kerimowanyň kanuny statusy barada çykaran beýannamasy ýok. Ýöne köp adamlaryň pikiriçe, sentýabrda atasynyň jaýlanyş çäresine gatnaşmagy üçin özbek häkimiýetleriniň ony wagtlaýyn boşatmazlygy - Kerimowyň maşgalasyna yzy ýarasyn diýip, gynanç bildirenlerinde hem onuň adynyň agzalmanlygy - köp zatlary aňladýar.

Hasap 2-nji oktýabrda döredileninden az wagt soňra "Afina" Twitter adyny ulanýan awtor ýa awtorlar Kerimowa öý tussaglygyndan çykarylyp, zor bilen Daşkentdäki psihiatrik klinikalaryň birine ýerleşdirilipdir diýilýän myş-myşlary tassyklamaga girişdi.

Afina men Kerimowa diýip göni aýtmasa-da, özüniň zor bilen saklanýandygyny twit edip, çagalaryny görmäge ýalbaryp rugsat sorady, "ejesine" maşynkada ýazylan we "Gülnara Kerimowa" diýlip gol çekilen hatyň suratyny ýerleşdirdi.

Onlaýn reaksiýasy özüne garaşdyrmady. Özbek sosial mediasynyň ulanyjylary - Kerimowanyň janköýerleri hem tankytçylary - derrew ýol-yzlary seljerip, hasabyň hakyky ýa hakyky däldigi hakda çekeleşip ugradylar.

Olaryň köpüsi twitleriň äheňine we mazmunyna, Afina tarapyndan ýerleşdirilýän el bilen ýazylan bellikleriň suratlaryna we diňe Kerimowanyň ýa oňa ýakyn bir adamyň biläýjek zatlaryna çalym edýän bölek-büçek maglumatlara salgylanyp, bu hasapdan twit edýäniň, dogrudan-da, Kerimowadygyna ynandylar.

Afina öz gyzyny görmek üçin eden "haýyşlarynyň" ýerine ýetirilendigine minnetdarlyk bildireninden soň, garaşylmadyk ýagdaýda häzir prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirziýaýewiň we Kerimow maşgalasynyň beýleki agzalarynyň, aýratyn-da Kerimowyň kiçi gyzynyň - Özbegistanda jemgyýetçilik durmuşynda işjeň hereket edýän Lolanyň garşysyna giň gerimli hüjümlere geçdi.

Ol soňra 9-njy oktýabrda ors dilinde: "Bu ýerde käbir myhmanlar bar. Olar meni äkidip, atyp öldürjege meňzeýärler" diýip ýazdy.

Twitler, örän tapawutly äheňde bolsa-da, ertesi gün hem dowam etdi. Soňraky birnäçe günlükde Afina - kähalatlarda paýyş - twitler edip, Lola Kerimowany korrupsiýa, dürli jenaýatlar, şol sanda jynsy gaçakçylyk bilen baglanyşdyrdy.

Arabaglanyşyk

Afina şol döwrüň dowamynda göni habarlaşmak bilen köpsanly täsirli sosial media hasaplary, oppozision neşirler we 12-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy bilen hem arabaglanyşyk gurdy.

Ol öz çagyryşlarynda Azatlykdan, şeýle hem beýleki neşirlerden, hasaba esaslanyp, makalalar ýazmagy, taýýarlanan tekstlerdäki maglumatlary ile ýaýmagy sorady.

Ençeme sagadyň dowamynda, göni habarlaşygyň (direct messages) üsti bilen alyp-çalşylan twitlerde Afina özüniň Gülnara Kerimowadygyny açyk aýtdy.

Ýöne Azatlyk Kerimowanyň terjimehaly barada esasy maglumatlar boýunça Afinany synap görende, Twitter ulanyjy ençeme gezek synagdan, ekzamenden ýykyldy. Mysal üçin, Afina Kerimowanyň bir wagt okuw kurslaryna gatnaşan ýeri bolan FIT-iň (Fashion Institute of Technology) Bostondadygyna ynanýana meňzeýärdi. Hakykatda bolsa, bu institut Nýu Ýorkda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosy FIT barada duzakly sorag berip, söhbetdeşinden bu institutyň MIT-iň (Massachusetts Institute of Technology) bir bölümidigini we onuň Potomak derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşýändigini tassyklamagyny sorady. Afina hem bilgeşleýin berlen bu nädogry maglumaty tassyklady.

Twitter ulanyjynyň kimdigini anyklamak maksady bilen edilen ahyrky synanyşkda Azatlyk Afinadan üç barmagyny galdyryp, selfie usuly bilen surata düşüp, göni habarlyşyk arkaly ibermegini sorady. Afina bir zenanyň eliniň suratyny iberdi. Suratda ýazgy depderçesiniň bir çetinde dört barmak bardy. Depderçede Gülnaranyň 2015-nji ýyldan ozal öz Twitter hasabynda edişi ýaly, el bilen ýazylan şygyrlara meňzeş setirler görünýärdi.

Bu "owadan şygyr" özüňkimi diýip soralanda Afina: "Hawa, sag boluň. Diňe gaty ses bilen oýlanmak" diýip jogap berdi. Hakykatda bolsa, bu tekst "Huffington Post" blogynyň 2015-njy ýyla degişli söýgi öwüt-ündewinden sözme-söz göçürilen böleklerdi.

Afina lapykeç aheňde Mirziýaýewiň hökümetiniň garşysyna gönükdirilen çynlakaý aýyplamalaryň çap edilmegini sorady. Azatlyk bolsa onuň Gülnara Kerimowa däldigini subutnamalar bilen görkezdi.

Afina aldawa ýüz urandygyny boýun alyp, Kerimowanyň "kömege" mätäçdigini aýtdy. Twitter ulanyjy soňra orsça ýazdyryp, özüniň Kermowanyň gyzy Imandygyny aýdyp, subutnama hökmünde Imanyň ençeme ýyl mundan ozal sosial media hasabynda ýerleşdirilen we hemmelere elýeterli suratyny iberdi.

Azatlyk Twitter ulanyjynyň hakyky şahsyýeti hakda subutnama sorap, gyssamagy dowam etdirende bolsa, Afina jogap bermegi goýdy. Şol gün giçlik ol ýene-de Gülnara Kerimowa hökmünde twit etmegä başlady.

"Bize rewolýusiýa gerek!"

Bu oýnuň aňrysynda ýatan adamyň - ýa adamlaryň - hakyky şahsyýetini anyk kesgitläp bolmasa-da, soňky wagtlarda göni habarlaşyk arkaly Afina bilen gatnaşyk guran adamlar Azatlyk Radiosyna özleriniň bu hasaby diňe bir däl, köp adamyň ulanýandygyna ynanýandyklaryny aýtdylar. Olaryň pikiriçe, munda Özbegistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (SNB) eliniň bolmagy hem mümkin.

"Bu edil SNB-niň proýekti. Olar Kerimowanyň tarapdarlaryny ele saljak bolýarlar" diýip, "AhmadhonUSA" lakamyny ulanýan tanymal özbek twitter aktiwisti aýdýar.

Sürgünlikdäki täsirli Obidhon Kori Nazarowyň yzyna eýeriji diýlip tanalýan Ahmadhon hakyky Gülnara Kerimowanyň iki ýyl mundan ozal korrupsiýa skandalyna bulaşanda wideo şekilli maslahat arkaly özi bilen gürleşendigini tassyklady.

Ol hakyky Kerimowanyň öz aýtjak zatlaryny halka ýetirmek üçin özünden komek sorandygyny we onuň edýän haýyşlarynyň golaýda Afinadan gelen haýyşlara aşa çalymdaşdygyny belledi. Ýöne Ahmadhon Gülnaranyň subut bolan hasabynyň üsti bilen iki ýyl mundan ozal onuň bilen köp gürleşendigi üçin Afina adyny ulanýanyň Gülnara däldigine "100 prosent" ynanýandygyny aýtdy.

Onuň pikiriçe, Afinanyň maksady prowokasiýa. "Men soňky gezek Afina bilen gürleşemde ol 'bize rewolýusiýa gerek, biz öz hak-hukugymyzy soramaly' diýen sözleri gaýtalady" diýip, Ahmadhon aýdýar. Ol özüniň Kerimowa bilen twit alyp berişendigini "dünýäde diňe üç adamyň bilýän bolmagy mümkin" diýýär.

Afina adyny ulanýan adam eger Kerimowa bolmasa, onda ol Kerimowanyň kommunikasiýa taryhyna ýetik ýa-da original alyş-çalşy yzarlan bolmaly. Afinanyň hasabyndan iberilýän ýazgylaryň we onuň belli adamlar bilen arabaglanyşyk gurmaga edýän synanyşyk ülňüsi edil özbek howpsuzlyk gullugynyň geçen ýyllarda ulanan taktikalaryna meňzeýär.

Özbegistanyň syýasatyny tankytlamakda tanalýan bir satiriki websaýtyň redaktorynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Afina onuň bilen hem habarlaşyp, özünde Mirziýaýewiň hökümetini abraýdan saljak materiallaryň bardygyny aýdypdyr.

Afinanyň Azatlyk Radiosyndan çap edilmegini soran tekstlerinde adam hukuklarynyň we günbatar hökümetleriniň ösdürmäge synanyşýan beýleki gymmatlyklarynyň ähimiýeti nygtalýar. Olarda Kerimowyň Gülnaranyň ogly Yslamy özüniň "hakyky mirasdüşeri" edip belländigi-de aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG