Sepleriň elýeterliligi

Baýden ABŞ-nyň Kremle gaýtawul çäresini görjegini aýdýar


 Jo Baýden

Jo Baýden

Wise-prezident Jo Baýden Birleşen Ştatlar prezident saýlawlaryna täsir ýetirmek synanyşygynda aýyplan rus hakerlerine «yşarat iberer» diýdi.

Baýden NBC News bilen geçirilen we 14-nji oktýabrda çap edilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlar näme üçin Orsýetiň demokratik partiýanyň ýokary derejeli resmileriniň elektron hatlaryny syzdyrmak we beýlekiler bilen, saýlawlara gatyşmasyna gaýtawul bermeýär diýen soraga jogap berdi.

«Biz yşarat iberýäris» we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ony alar diýip, Baýden aýtdy. "Biziň muny etmek ukybymyz bar we şeýle yşarat iberiler. Ol muny biler, özem bu biziň öz saýlap alan wagtymyzda, uly täsir ýetirjek wagtynda bolar."

NBC Ak tamyň Orsýete garşy görülmedik bir gizlin kiber çäresini görmegiň hem-de Kreml ýolbaşçylaryny oňaýsyz ýagdaýa salmagyň pikirini edýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG